Aşgabat — bagtyýarlygyň şäheri

11 Mart 2021
733

Göreniňde gözüň eglenip, synlanyňda synyň oturýan gözel görkli paýtagtymyz Aşgabat Gündogaryň iň owadan merjen şäherine öwrülýär. Ak mermer şäherimiz Aşgabady ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary «Aşgabadym — göwün şadym!», «Ak şäherim — Aşgabat!» diýip söýgüleýär. Uly ösüşlere beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 140 ýyllygy bellenilýän baş şäherimiziň toý-baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk işleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesine taýýarlyk işleri bilen utgaşyp, giň gerimde ýaýbaňlanýar. Aşgabadyň uzaklardan seleňläp görünýän owadan binalaryny, ajaýyp ymaratlaryny, altyn gümmezli köşklerini, köp sanly döwrebap suw çüwdürimlerini, täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny we beýleki durmuş maksatly desgalaryny göreniňde göwnüň göterilýär. Ak mermer şäherimiziň gözel keşbini synlanyňda hormatly Prezidentimiziň: «Aşgabady jennet mekana öwürmek meselesi öňümizde goýan maksatlarymyzyň biridir» diýip, belleýän sözleriniň bu gün hasyl bolýandygyna göz ýetirip, guwanjyň goşalanýar.

Ýeri gelende, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen paýtagt şäherimiziň iri halkara maslahatlarynyň, sergileriniň, işewür duşuşyklarynyň, goňşy we dostlukly döwletleriň medeniýet günleriniň, festiwallarynyň, şeýle-de sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezi şäherine öwrülendigini guwanç bilen bellemek gerek. Bagtyýarlygyň bagt şäheri bolan gözel Aşgabadyň mermer şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ýeke-täk şäherdigi bu gün ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň göwün guşuny ganatlandyrýar.