Asyr yzlan asylly ýörelgeler

10 Mart 2021
736

Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän kitaplarynyň ählisinde türkmen döwletini we jemgyýetini kämil ýol bilen ösdürmegiň anyk ýörelgeleri öňe sürülýär. Bu bolsa köküni geçmişden alan, geljege beýik miras bolup durýan ýörelgelerdir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda: «Dünýäniň iň öňdebaryjy taglymatlarynyň durmuşda ähtibarlylygynyň sebäbi hem olaryň parahatçylyk söýüjiligiň we dostlugyň güýjüne esaslanýanlygyndadyr» diýip belleýär. Alym Arkadagymyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda il-halkyna peşgeş beren bu eserinde türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň jümmüşinden gelýän däp-dessurlary, döwleti dolandyrmagyň ýollary, ruhy-ahlak gatnaşyklary, syýasy filosofiki aňyýeti, parahatçylyk, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmaklyk baradaky ajaýyp maglumatlar dürli durmuşy tymsallaryň, hekaýatlaryň, pähim-parasadyň üsti bilen beýan edilýär. Kitapda Oguz han Türkmeniň döwründen bäri dowam edip gelýän döwleti dolandyrmagyň tejribesi, usullary barada aýdylýar. Olar türkmen halkynyň müňýyllyklardan gelýän bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak garaýyşlary, däp-dessurlary bilen baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmek halkymyzyň Oguz han zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidir. Şol ýörelge häzirki günde döwrebap mazmunda Garaşsyz türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklaryndaky üstünliklerinde wajyp orny eýeleýär» diýip bellemek bilen, döwleti dolandyrmagyň müňýyllyklardan gelýän usullarynyň häzirkizaman türkmen jemgyýetinde alnyp barylýan syýasatyň ýörelgesi bolup durýandygyny görkezýär. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda durmuşa geçirýän ähli işleriniň taglymat ýörelgesini beýan edip, şeýle belleýär: «Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda taraplaryň bähbitlerini hiç bir babatda ünsden düşürmeýän ygtybarly hyzmatdaşdyr. Munuň özi döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatlarynyň aýdyň dabaralanmasydyr». Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini almagy Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen beýik sepgitleriň biridir. Şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny uly dabara bilen toýlamagymyz, ýurdumyzyň halkara derejesinde ýene-de bir täze basgançaga çykandygynyň subutnamasydyr.

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak gatnaşyklary adamzadyň döreden beýik ýörelgeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagynda uly orny eýeläpdir. Olar ähli adamzadyň ýer togalagynda bir bitewilikde, ýagny, asmana söýgi, Zemine yhlas edip, ýaşaýşyň ajaýyplaşmagynyň özenini görmegini başarypdyrlar. Bu babatda mähriban Arkadygymyzyň: «Çünki asman — Zemin bitewiligi Oguz hanyň erkana il bolup, parahat ýaşamak hakyndaky ýörelgesiniň örküdir» diýen sözleri türkmen halkynyň aňynda Bitaraplyk ýörelgeleriniň milli aňyýet derejesinde müňýyllyklaryň dowamynda ýaşandygyny subut edýär.

Hurmagül JUMABAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.