Dabarasy dünýä dolan Diýarym

10 Mart 2021
966

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň ýoly bilen röwşen geljege barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy we başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny gurşap alýan özgertmeler ata Watanymyzyň uly  ösüşleri gazanmagyna şert döredýär.

Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň erkinlik, özbaşdaklyk baradaky arzuwlarynyň ajaýyp dabaralanmasy bolup, türkmen halkynyň bagtyýar ertirine, müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Garaşsyzlyk halkymyzyň millet, özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edilmegidir. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr.

Derýaguly AKMÄMMEDOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje gaz çykaryş müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.