Açyklyk we aýanlyk esasynda

10 Mart 2021
922

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçiriljek güni barha golaýlaşyp gelýär. Bu möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy waka ýurdumyzyň iň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylar. Şol gün raýatlarymyz iň mynasyplara öz seslerini berer. Häzirki wagtda bolsa saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin taýýarlyk işleri dowam edýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy. Hödürlenen dalaşgärleriň 111-si Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparda bellige alyndy we olara dabaraly ýagdaýda şahsyýetnamalar gowşuryldy.

«Aşgabat».