Göwünleriň hem dünýäniň ykrary

10 Mart 2021
763

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň meselelerine bagyşlanyp ýakynda geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalary 11 gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi» diýen sözlerini eşidip, kalbymyzda ýene bir ýola merjen şäherimize, ak paýtagtymyza bolan söýgimiz artdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen gabat gelýän bu şanly senä barýan günlerimizde Aşgabadyň bütindünýä täsinlikler neşiriniň güwänamalaryna mynasyp bolan ýakymly pursatlarynyň käbirini ýatlap geçmek merjen şäherimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar.

Mundan 13 ýyl ozal ― 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Milli muzeýiniň öňünde dikilen ýaşyl Tugumyz we onuň sütüni «Dünýäniň iň belent baýdak sütüni» diýlip Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu sütüniň beýikligi 133 metre ýetýär. Şeýlelikde ol mundan ozal rekordy elinde saklan Iordaniýadaky sütünden 1 metr beýikdir. Bu kuwwatly sütündäki Döwlet Baýdagymyzyň ini 52,5, boýy 35 metre çenli uzady. Bu ägirt baýdak bagtymyzyň güwäsi bolup, şu ýyl 140 ýaşy bellenilýän paýtagtymyzyň ähli künjeginden seleňläp görünýär.

Hurmagül REJEBOWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň mugallymy.