Gözelligiň we bagtyýarlygyň şäheri

11 Mart 2021
775

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ägirt uly ösüşlere eýe bolýar. Türkmenistan dünýäde iň sazlaşykly hem-de çalt depginler bilen ösýän döwletleriň birine öwrüldi. Gözelligiň nury çaýylan türkmen topragynda şäherdir obalar günsaýyn ösýär, özgerýär. Türkmen ýaýlasyndan görk alan ýurdumyzda ata Watanymyzyň batly ösüşlerini äleme ýaýýan gurluşyk işleri aýratyn buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Bina edilýän belent ymaratlar, suw çüwdürimler toplumlary, köçeleriň ýakasynda öwşün atýan gül-gülälekli meýdançalar paýtagtymyz Aşgabada görk goşýar.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Aşgabat dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi. Ýurtda gurulýan desgalaryň, binalaryň gözelligi görenleri haýrana goýýar. Ak mermere beslenen belent mermer jaýlarda ýaşaýjylar üçin ähli ýokary amatlyklar göz öňünde tutulandyr. Täze gurulýan möhüm desgalar ata Watanymyza özboluşly bezeg berýär hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň barha kuwwatlanmagyna badalga bolýar. Gözelligiň şäheri Aşgabat — Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ýüregi. Bu gözel şäherde edil paýtagtymyzyň arassalygy, gözelligi ýaly arassa, gözel kalply adamlar ýaşaýar. Hut şonuň üçin hem mermer paýtagtymyz dünýäde ylalaşdyryjy merkez, parahatçylygyň mekany hökmünde uly ynam, beýik söýgi bilen guwanylýan, buýsanylýan şäherdir.

Göwher MÄMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 75-nji orta mekdebiň mugallymy.