Baky bagtyň binýady

10 Mart 2021
962

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümiz-däki ýylda hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň taryhy 30 ýyllyk baýramy egsilmez buýsanç, uly dabaralar bilen belleniler. «Garaşsyzlyk özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düşünmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk baýramy bolsa beýik dabaradyr!» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe — Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň ösüşli zamanasynda ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan taryhy jähetden alanyňda, juda gysga döwrüň içinde dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Bu gün biziň Garaşsyz döwletimiz bilen hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň sany barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň başda durmagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda gazanylýan döwletara ylalaşyklar sebitde durnuklylygy, gatnaşyklaryň işjeňleşmegini üpjün edýär, ykdysady we beýleki meseleleri üstünlikli çözmäge şert döredýär. Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän halkara ähmiýetli taslamalar diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbitlerine hyzmat edýär. Bu bolsa guwandyryjy hem-de buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda Garaşsyz Diýarymyz bedew bady bilen röwşen geljege ynamly barýar. Türkmen halkyna ösüşler, öňegidişlikler ýar bolýar. Goý, berkarar Watanymyzyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi has-da belende göterilsin! Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany bolan Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin beýik işlere badalga berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Mekan ILÝASOW,
Serdar etrap, şäher kazyýeti, kazynyň kömekçisi.