Älem içre arşa galsyn şanymyz!

10 Mart 2021
768

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Garaşsyz Türkmenistanda gündogar-günbatar, demirgazyk-günorta ulag ugurlaryny döretmek we ösdürmek ugrunda giň maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bu ugurda iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň dowam etmegine ýardam edýär. Ýurdumyz bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerini doly we üstünlikli amala aşyrmaga çalşyp, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we olaryň täzelerini döretmäge, şeýle hem pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny gazanmaga gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýar. Şu ýylyň ilkinji aýynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Türkmenistan ― Owganystan ― Täjigistan demir ýolunyň Akina ― Andhoý şahasynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça ýetilen belent sepgitleriň ýene-de biridir. Ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna gurlan bu 30 kilometrlik demir ýol ýakyn geljekde sebitleriň we yklymlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşmegine, halklaryň özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä göterilmegine şert döreder.

Täze, döwrebap ulag ýollarynyň, düzümleriniň we geçelgeleriniň köpsanlysynyň döredilmegi ýurdumyzyň çägine gelýän we üstaşyr geçýän ulaglaryň we harytlaryň yzygiderli akymyny hem döredýär. Bu bolsa ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşmegine ýardam etmek bilen birlikde ýurdumyzyň gümrük serhetlerinde işleriň birkemsiz we göwnejaý guralmagyna hem talaby güýçlendirýär. Watanymyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň depginli ösüşini gazanmakda, ýurdumyzyň gümrük serhetleriniň üstünden geçýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň goraglylygyny üpjün etmekde biziň gullugymyz tarapyndan hem netijeli işler alnyp barylýar. Gullugymyzyň merdana harby gullukçylary gümrük serhedinden geçýän ähli harytlary we ulag serişdelerini degişli gümrük barlagyndan doly we talabalaýyk geçirýärler we olar babatda gümrük gözegçiligini we gümrük taýdan resmileşdirme işlerini ýokary derejede alyp barýarlar. Häzirki wagtda döwrüň talabyndan ugur almak bilen, ýük gatnawlary boýunça ýurdumyzyň çägine girýän ähli ulag serişdelerinde zyýansyzlandyryş işlerini yzygiderli geçirmeklige aýratyn ähmiýet berýäris. Bu işleri döwrebap derejede alyp barmak üçin bolsa ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir. Gullugymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi işimizi talabalaýyk we göwnejaý alyp barmagymyza şert döredýär. Bu bolsa bizi Watanymyzyň parahatçylygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň hatyrasyna mundan beýläk-de ak ýürekden zähmet çekmegimize has hem ruhlandyrýar.

Şamurad ÖWLIÝAKULIÝEW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.