"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Skandinaw ýörişi

Skandinaw ýörişi saglygymyza örän peýdaly hasaplanylýar. Ýöriş mahalynda ýörite taýýarlanylan taýaklaryň kömeginden peýdalanylýar. Ol ýüregiň we dem alyş ýollarynyň işleýşini gowulandyrýar hem-de adaty ýörişe garanyňda, bu görnüşiň adamyň tutuş bedenine oňyn täsiri bar. Ýöriş mahalynda bogunlaryň hereketi sazlaşýar. Bu bolsa bogunlara duz ýygnanmagynyň öňüni alýar. Ýörişde artykmaç ýaglar 46 göterim kän ýakylýar. Tutuş bedeniň hereket edýändigi sebäpli adaty ýörişde hereketlenmeýän beden agzalarynyň hem işjeňligi artýar. Hünärmenler skandinaw ýörişi bilen 12 hepde meşgullanan adamyň myşsalarynyň ozalkysyndan 38 göterim güýçlenýändigini aýdýarlar. Onuň adamyň ünslüligini güýçlendirmekde hem ähmiýeti uludyr.

Garpyz

Mälim bolşy ýaly, garpyz pektin maddalarynyň, foliý turşusynyň we B, C, E, PP, A ýokumlarynyň çeşmesi hasaplanylýar. Şeýle-de onda demriň, marganesiň, magniniň, kaliniň, nikeliň, natriniň, fosforyň duzlary jemlenýär. Magniý garpyzyň düzümindäki iň gymmatly elementleriň biri bolup, ol gan damarlarynyň çeýeligini saklaýar we bedeniň holesterinden saplanmagyna ýardam edýär, içegäniň işini kadalaşdyrýar. Ondaky likopin maddasy ýürek-damar hem-de çiş keselleriniň öňüni almakda peýdalydyr. Alymlar adam bedenine günüň dowamynda gerek bolan magniniň möçberi üçin garpyzyň 150 gramyny iýmelidigini belleýärler. Garpyzyň halk lukmançylygynda bagyr, ýürek-damar ulgamyndaky näsazlyklaryň netijesinde ýüze çykýan käbir keselleri bejermekde, böwrekde we peşew haltadaky daşy çykarmakda giňden peýdalanylýar. Garpyz gan basyşynyň ýokarlanmagynyň hem öňüni alýar. Onuň sykylan suwy bolsa bagry zäherli maddalardan arassalaýar. Çendenaşa semizlikden ejir çekýän adamlar üçin hem garpyz örän peýdaly.

Aýakçylardan goranyň!

Tomus paslynyň gelmegi bilen aýakçylaryň uly topary peýda bolýar. Olardan goranmak bilen biz peşehordanyň döremeginiň öňüni alyp bileris. Munuň üçin repellentleri ulanmak maslahat berilýär. Repellent — bu aýakçylary ürküzmek üçin niýetlenilen serişdedir. Narpyzyň ýapragyny deriňize çalsaňyz, aýakçylar golaýyňyza gelmez. Bu ösümligiň bir dessesini äpişgäniň öňünde goýmak arkaly hem aýakçylary ürküzip bolýar.

Doň­dur­ma­nyň jana melhem lezzeti

Ynha, doňdurmaly günler gelip ýetdi. Şu günler älemgoşary ýadyňa salýan dürli reňkli doňdurmaly sowadyjylar ak bazarlarymyzdyr iri söwda merkezleriň, dükanlaryň hem-de seýilbaglaryň bezegi bolup durýar. Doňdurmanyň esasy janköýerleri bolsa çagalardyr. Emma ata-eneler çagalarynyň köp doňdurma iýmeginden hemişe howatyrlanyp gezýärler. Hatda: «Doňdurma iýmek peýdalymy, zyýanlymy?!» diýen ýaly sowallar hem kän ýüze çykýar. Doňdurma çagalaryň kadaly iýmitlenmegi üçin esasy iýmit çeşmesi bolmasa-da, onuň düzümindäki süýt, kakao, şokolad, ýag, şeker ýaly garyndylar doňdurmany kaloriýalylygy ýokary hasaplanylýan azyk önümleriniň hataryna goşýar. Doňdurmada uglewod, belok, ýag, kaliý, fosfor, kalsiý, natriý, demir bolup, ol A, B, C, D we E ýokumlara baýdyr. Doňdurma belli bir derejede çagalaryň daýanç-hereket ulgamynyň berkemegine ýardam edýär. Emma onuň ýokary kaloriýalylyk derejesini nazarda tutmak bilen, aşa semizlige ýa-da işdäniň ýapylmagyna sebäp bolup biljekdigini hem ýatdan çykarmaly däl. Doňdurma iýleninde, bedenimizde endorfin gormonynyň bölünip çykmagy, aýratyn hem, çagalaryň özlerini şadyýan duýmagyna getirýär.

Çilimkeşlige garşy göreş

Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynda bolşy ýaly, biziň döwletimizde hem çilimkeşlige garşy köp ugurly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň çilim çekmegi gadagan etmek hakynda dürli ýyllarda gol çeken Permanlary we Kararlary raýatlarymyzy temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramaga gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan-da, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanylyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, bütin adamzadyň saglygyna we nesline howp salýan çilimkeşlige garşy göreşmek, temmäki önümlerine bagly bolan raýatlara çilimi taşlamagyň usullaryny öwretmek maksady bilen, çilimiň saglyga zyýany barada wagyz-nesihat işlerini alyp barýan «Ynam» merkezleri döredildi. Edara-kärhanalarda, köpçülik ýerlerinde çilim çekmek, 18 ýaşamadyk raýatlara çilim satmak, çilim görnüşlerini mahabatlandyrmak gadagan edildi. Çilim gutularynyň daşynda çilimiň täsiri esasynda döreýän zeperlenen beden agzalarynyň suratlary goýuldy. Aşgabat şäheriniň 9-njy Saglyk öýüniň «Ynam» merkezinde tassyklanan düzgünnama esasynda temmäkini ulanmagyň garşysyna we çilimi taşlajak bolýanlara kömek bermekde köpugurly işler alnyp barylýar. Raýatlara aýan etmezlik bilen, telefonda we ka

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlikli mukdarda kabul etmeli. Witamin С — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Zyýanly pişeden daşlaşalyň! Bahasyna ýetip bolmajak baýlyk saýylýan saglyga düýpli zyýan ýetirýän neşe serişdelerinden jemgyýetimizi gorap saklamak her birimiziň borjumyzdyr. Neşekeşlige ýüz uran adamyň bütin ömri, geljegi, umyt-arzuwlary ýok bolup gidýär. Çünki, neşäniň zyýanly täsirinden adam bedeniniň synalarynda ýüze çykýan dürli keseller onuň saglyk ýagdaýyny peseldip, akyl-huşuna täsir edýär. Adamy jogapkärçiliksiz ýagdaýa getirýär. Şeýlelikde, bu ynsanlar maşgala agzalarynyň, ýakyn garyndaşlarynyň, il-halkynyň gözünden we ynamyndan düşýär.

Türkmenabatda Halkara ýoga güni mynasybetli dabara geçirildi

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Halkara ýoga güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli şäherlerinde baýramçylyk çärelerini geçirýär. Şeýle çäreleriň biri Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebinde hem geçirildi. Mary şäherinde başlanan baýramçylyk çäreleri Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde dowam etdi. Jemleýji çäreler bolsa 21-nji iýun güni Aşgabat şäherinde geçiriler.

Ynsan saglygy baş baýlyk

Düýn Çärjew etrap häkimliginde «Jemgyýetiň saglygy — dünýäniň abadançylygy» atly wagyz-ündew çäresi geçirildi. Onda çilim çekmek, temmäki önümlerini ulanmak ýaly ýaramaz endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän zyýany hakynda il sylagly ýaşulular, saglygy goraýyş işgärleri we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda il saglygynyň goraglylygyna döwlet derejesinde uly üns berilýändigi barada giň maglumatlar beýan edildi. Çärä gatnaşanlar ýaramaz endiklere baş goşýanlary ýazgardylar, ynsan saglygynyň belli bir bahasynyň ýokdugy, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek üçin ähli amatly şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigi barada buýsanç bilen gürrüň etdiler.

...Haýpdyr janyňa, çilim çekmegil!

Beýik söz ussady, parasatly atamyz Magtymguly Pyragy ynsan saglygyna düýpli zyýan ýetirýän zyýanly endikleri özüniň goşgy setirleriniň üsti bilen ýazgarypdyr. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», şeýle hem «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda saglyga erbet täsir edýän zyýanly serişdelere garşy göreşmek kanunçylyk taýdan hem berkidilýär.

Bagtyýar geljek ugrunda

Dänew etrap medeniýet öýünde «Sagdyn nesil — röwşen geljegimiz» diýen at bilen maslahat geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, saglygy goraýyş işgärleri, ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda Türkmenistany temmäki tüssesinden azat ýurda öwürmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty barada söz açylyp, çilimkeşlik bilen bagly ýaramaz endikleriň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreleriň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şonuň ýaly-da çykyşlarda ynsan saglygyna zyýan ýetirýän temmäki önümleriniň ýurdumyza bikanun getirilmegine we ulanylmagyna garşy göreşiň has-da güýçlendirilýändigi aýratyn nygtaldy. Maslahatda ýaşlaryň arasynda bu zyýanly endikleriň ýaýramagynyň öňüni almaga we olaryň garşysyna göreşmäge, sagdyn jemgyýeti berkarar etmäge gönükdirilýän iri çäreleriň, netijeli işleriň yzygiderli geçirilmegine hemmämiziň bilelikde gatnaşmagymyzyň zerurdygy nygtaldy.

Ynsan ömrüni halas edijiler

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 18-nji martynda kabul eden Kararyna laýyklykda ýurdumyzda saglygy goraýyş edaralaryny gan we gan önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de gan tabşyryjylary höweslendirmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi. Şuňa laýyklykda welaýat Gan bankynda-da donorlardan gan almak, ony gaýtadan işlemek, belli bir wagtyň dowamynda saklamak bilen baglanyşykly işler amala aşyrylýar. Ganyň we gan önümleriniň ýokanç keselleriň ýaýramak howpundan halas bolmagyna aýratyn üns berilýär. Gan tabşyryjylaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik edilýär we öwrenilýär. Ýagny, Gan banky gan alýan, immunologiýa we ganyň hilini barlaýan kliniki-anyklaýjy, gan we ganyň düzümlerini taýýarlaýan, guramaçylyk usulyýet bölümlerden ybarat bolup, ganyň düzümi, hili doly derejede öwrenilýär.

Saglygy goramakda peýdaly maslahatlar

•Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý ediň, arassa agyz suwuny ýeterlikli mukdarda kabul ediň.   •Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý ediň!

14-nji iýun — Bütindünýä gan donorynyň güni

Ynsanperwerlik ýörelgesi Ýurdumyzda donorçylyk döwlet tarapyndan giňden goldanylýar. Gan we onuň düzümleri bilen saglygy goraýyş edaralaryny bökdençsiz üpjün etmegi düzgünleşdirmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda «Ganyň donorçylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun gan we gan düzümlerini ulanmagyň çygryndaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan möhüm resminama bolup durýar. Kanunda donorlaryň durmuş taýdan goraglylygyny, saglygyny goramak, gan we gan düzümlerini tabşyranda howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly kadalar bilen bir hatarda, olary höweslendirmek hem göz öňüne tutulandyr.

Lukmanyň maslahaty

Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagy adam bedenine dürlüçe täsir edýär we möwsümleýin keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şonuň üçin yssy howada daşarda gezim edilip gelnenden soň, aşa sowuk suwy içmekden saklanmaly! Gurak we yssy howada hereket edilende, adam bedeni köp mukdarda suw talap edýär. Şonuň üçin öýden çykanyňyzda ýanyňyz bilen otag temperaturasyndaky gaplanan arassa içimlik agyz suwuny almagy unutmaly däl. Yssy howada gaýnap, sowan suwy içmek örän peýdalydyr. Tomus paslynyň talaplaryna laýyklykda, nah matalardan taýýarlanan egin-eşikleri geýmeli.

Temmäkiniň saglyga zyýanly täsiri

Jemgyýetde sagdyn nesilleri kemala getirmek, ýaramaz endiklerden daşda durmagy ündemek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň Milli maksatnamasynyň tassyklanylyp, herekete girizilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Bu maksatnamanyň çäginde temmäki bilen baglanyşykly tüssäniň saglyga iki esse ýaramaz täsir edýändigi, bu maddanyň adamyň janyna we saglygyna zyýanlydygy, raýatlary şeýle närseden goramalydygy hakynda giňişleýin maglumatlaryň berilmegi göz öňünde tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen öňe sürlen «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek» boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasy tassyklanan günlerinden başlap güýje girizildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde çilim çekmegiň we onuň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça degişli çäreler geçirilýär. Munuň özi müňlerçe adamyň saglygynyň temmäkiniň zyýanly täsirinden goralmagyna mümkinçilik berýär.

Ösüşli menziller

Saglyk jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn-durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Kitabyň «Saglyk — abatlyk» diýlip atlandyrylýan bölüminde halkymyz tarapyndan nesilden-nesle geçirilip gelinýän sagdyn ýaşamagyň ýörelgeleri, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hakyndaky rowaýatlar, ýurdumyzda sagdynlyk — abadanlyk, sport — saglyk, rowaçlyk ýörelgesiniň amala aşyrylyşy barada beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň gözel paýtagtynda, welaýat merkezlerinde döwrebap binagärlik ülňüleriniň esasynda bina edilip, döwrüň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Aşgabat şäherinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Stomatologiýa merkeziniň düýbi tutuldy. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de ony amala aş

Sagdynlygyň binýady

Tomus paslynyň başlamagy bilen, möwsümiň çalyşmagy netijesinde sepgitde bedeniň goraýjylyk ukybyny gurplandyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Keselleriň öňüni almakda birnäçe çäreleriň hatarynda dogry iýmitlenmek möhüm ähmiýete eýedir. Immuniteti berkitmekde beloklar örän zerurdyr: olar ýaşaýyş üçin zerur 11 aminokislotalardan durýar. Olaryň biri-de lizindir. Bedeniň özi bu aminokislotany öndürip bilmeýär, ony diňe iýmitden ýa-da iýmit goşundylaryndan alyp bolýar. Lizin ýetmezçiliginiň alamatlary ýadawlyk, gowşaklyk, işdäniň peselmegi, deriniň we saçyň ýaramazlaşmagy bolup, olar immunitetiň peselmeginiň alamatlary bilen gabat gelýär. Lizin patogenlere garşy göreşýän antibedenleri döretmek üçin hem zerurdyr. Bu aminokislotanyň bir görnüşi sowuklama garşy täsire eýedir we immunitet üçin zerur maddalary siňdirýän içegeleriň saglygyny goldaýar. Lizin süýt we süýt önümleri, esasanam, peýnir; towuk ýumurtgasy; deňiz balyklary, deňiz önümleri; towşan eti; göle, goýun etleri ýaly maldarçylyk önümlerinde köpdür. Lizin noýba-nohut, hoz-maňyz, dürli däneli ösümlikleriň düzüminde-de bolýar, emma olarda bu turşulygyň derejesi has azdyr.

Gün şöh­le­si­niň ýi­ti tä­si­rin­den go­ran­mak

To­mus pas­lyn­da Gün şöh­le­si­niň ýi­ti düş­ýän wag­ty ça­ga­la­ryň uzak wagt­lap Gü­nüň aşa­gyn­da gö­zeg­çi­lik­siz oý­na­ma­gy maslahat berilmeýär. Çünki Gün ur­magyna ýa-da be­den de­ri­si­niň ýan­ma­gy­na ge­tir­me­gi müm­kin. Ça­ga­la­ryň kö­le­ge­de oý­na­ma­gy­na gö­zeg­çi­lik et­me­li. Bu pa­syl­da ge­ýil­ýän eşik­ler ak açyk reňk­li, ra­hat nah ma­ta­dan ti­ki­len bol­ma­ly. Gün şöh­le­si dog­ry peý­da­la­ny­lan­da adam be­de­nin­de gyş pas­lyn­da eme­le ge­lip bil­ýän D wi­ta­mi­ni dö­re­ýär we gyş pas­ly­nyň do­wa­myn­da te­bi­gy taý­dan ýü­ze çyk­ýan sus­sypes­li­giň öňü­ni al­ýan mad­da­lar eme­le gel­ýär. To­mus pas­lyn­da be­den ba­sym der­le­ýär. Be­de­niň öte der­le­me­gi iç­ki suw de­ňag­ram­ly­ly­gyň bo­zul­ma­gy­na, ga­nyň lag­ta­lan­ma­gy­na hem-de ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň işi­niň bo­zul­ma­gy­na ge­tir­ýär. Ne­ti­je­de, in­sult, in­farkt ke­sel­le­ri­niň ýü­ze çyk­ma­gy müm­kin. Gün şöh­le­si ada­myň kel­le­si­ne we de­ri­si­ne dü­şüp, beý­ni­niň gyz­ma­gy­na ge­tir­ýär. Gü­nüň do­wa­myn­da ys­sy ho­wa şert­le­rin­de 2,5-3 lit­re go­laý su­wuk­ly­gy, ýag­ny mi­we şi­re­si­ni, mi­we gaý­nat­ma­la­ry­ny, çaý, aras­sa agyz su­wu­ny ýa-da li­mon ga­ry­lan su­wy iç­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Şeý­le-de ka­da­ly, sag­dyn iý­mit­len­me­gi ba­şar­ma­ly. Iýil­ýän na­har­larda ýe­ňil siň­ýän, be­den üçin ge­rek bo­lan wi­ta­min­ler, mak­ro-mik­roe­le­ment­ler b

Zyýanly endigiň zeleli

7-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem mejlisde temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurdumyza getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň, çilimkeşlik ýaly zyýanly endigi aradan aýyrmak üçin anyk çäreleri görmegiň möhümdigine üns çekildi. Adam saglygy jemgyýetiň baş baýlygy hasaplanylýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda zyýanly endiklere garşy göreş çäreleri yzygiderli alnyp barylýar. Şol zyýanly endikleriň biri-de çilimkeşlikdir. Käbir adamlar çilimiň zyýan berýändigine ýüzleý garap, onuň ýaramaz netijelere getirýändigine känbir üns bermeýärler. Çilimkeşligiň bejermesi kyn dertlere sebäp bolýandygyny äsgermezlik etmek düýbünden ýalňyş pikirdir.