Doň­dur­ma­nyň jana melhem lezzeti

14 Iýun 2023
433

Ynha, doňdurmaly günler gelip ýetdi. Şu günler älemgoşary ýadyňa salýan dürli reňkli doňdurmaly sowadyjylar ak bazarlarymyzdyr iri söwda merkezleriň, dükanlaryň hem-de seýilbaglaryň bezegi bolup durýar. Doňdurmanyň esasy janköýerleri bolsa çagalardyr. Emma ata-eneler çagalarynyň köp doňdurma iýmeginden hemişe howatyrlanyp gezýärler. Hatda: «Doňdurma iýmek peýdalymy, zyýanlymy?!» diýen ýaly sowallar hem kän ýüze çykýar.

Doňdurma çagalaryň kadaly iýmitlenmegi üçin esasy iýmit çeşmesi bolmasa-da, onuň düzümindäki süýt, kakao, şokolad, ýag, şeker ýaly garyndylar doňdurmany kaloriýalylygy ýokary hasaplanylýan azyk önümleriniň hataryna goşýar. Doňdurmada uglewod, belok, ýag, kaliý, fosfor, kalsiý, natriý, demir bolup, ol A, B, C, D we E ýokumlara baýdyr. Doňdurma belli bir derejede çagalaryň daýanç-hereket ulgamynyň berkemegine ýardam edýär. Emma onuň ýokary kaloriýalylyk derejesini nazarda tutmak bilen, aşa semizlige ýa-da işdäniň ýapylmagyna sebäp bolup biljekdigini hem ýatdan çykarmaly däl. Doňdurma iýleninde, bedenimizde endorfin gormonynyň bölünip çykmagy, aýratyn hem, çagalaryň özlerini şadyýan duýmagyna getirýär.

Babajan TOÝLYÝEW,
«Farap» şypahanasynyň diş lukmany.