Temmäkiniň saglyga zyýanly täsiri

13 Iýun 2023
311

Jemgyýetde sagdyn nesilleri kemala getirmek, ýaramaz endiklerden daşda durmagy ündemek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň Milli maksatnamasynyň tassyklanylyp, herekete girizilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Bu maksatnamanyň çäginde temmäki bilen baglanyşykly tüssäniň saglyga iki esse ýaramaz täsir edýändigi, bu maddanyň adamyň janyna we saglygyna zyýanlydygy, raýatlary şeýle närseden goramalydygy hakynda giňişleýin maglumatlaryň berilmegi göz öňünde tutulýar.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen öňe sürlen «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek» boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasy tassyklanan günlerinden başlap güýje girizildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde çilim çekmegiň we onuň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça degişli çäreler geçirilýär. Munuň özi müňlerçe adamyň saglygynyň temmäkiniň zyýanly täsirinden goralmagyna mümkinçilik berýär.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.