Türkmenabatda Halkara ýoga güni mynasybetli dabara geçirildi

14 Iýun 2023
431

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Halkara ýoga güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli şäherlerinde baýramçylyk çärelerini geçirýär. Şeýle çäreleriň biri Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebinde hem geçirildi.

Mary şäherinde başlanan baýramçylyk çäreleri Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde dowam etdi. Jemleýji çäreler bolsa 21-nji iýun güni Aşgabat şäherinde geçiriler.