14-nji iýun — Bütindünýä gan donorynyň güni

14 Iýun 2023
402

Ynsanperwerlik ýörelgesi

Ýurdumyzda donorçylyk döwlet tarapyndan giňden goldanylýar. Gan we onuň düzümleri bilen saglygy goraýyş edaralaryny bökdençsiz üpjün etmegi düzgünleşdirmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda «Ganyň donorçylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun gan we gan düzümlerini ulanmagyň çygryndaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan möhüm resminama bolup durýar. Kanunda donorlaryň durmuş taýdan goraglylygyny, saglygyny goramak, gan we gan düzümlerini tabşyranda howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly kadalar bilen bir hatarda, olary höweslendirmek hem göz öňüne tutulandyr.

Aýna AŞIROWA,
welaýat Gan bankynyň lukmany.