Ynsan saglygy baş baýlyk

14 Iýun 2023
470

Düýn Çärjew etrap häkimliginde «Jemgyýetiň saglygy — dünýäniň abadançylygy» atly wagyz-ündew çäresi geçirildi. Onda çilim çekmek, temmäki önümlerini ulanmak ýaly ýaramaz endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän zyýany hakynda il sylagly ýaşulular, saglygy goraýyş işgärleri we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri çykyş etdiler.

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda il saglygynyň goraglylygyna döwlet derejesinde uly üns berilýändigi barada giň maglumatlar beýan edildi. Çärä gatnaşanlar ýaramaz endiklere baş goşýanlary ýazgardylar, ynsan saglygynyň belli bir bahasynyň ýokdugy, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek üçin ähli amatly şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigi barada buýsanç bilen gürrüň etdiler.

Orunaý BABAKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.