Il saglygy — ýurt baýlygy

14 Iýun 2023
288

Zyýanly pişeden daşlaşalyň!

Bahasyna ýetip bolmajak baýlyk saýylýan saglyga düýpli zyýan ýetirýän neşe serişdelerinden jemgyýetimizi gorap saklamak her birimiziň borjumyzdyr. Neşekeşlige ýüz uran adamyň bütin ömri, geljegi, umyt-arzuwlary ýok bolup gidýär. Çünki, neşäniň zyýanly täsirinden adam bedeniniň synalarynda ýüze çykýan dürli keseller onuň saglyk ýagdaýyny peseldip, akyl-huşuna täsir edýär. Adamy jogapkärçiliksiz ýagdaýa getirýär. Şeýlelikde, bu ynsanlar maşgala agzalarynyň, ýakyn garyndaşlarynyň, il-halkynyň gözünden we ynamyndan düşýär.