Ösüşli menziller

13 Iýun 2023
338

Saglyk jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn-durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Kitabyň «Saglyk — abatlyk» diýlip atlandyrylýan bölüminde halkymyz tarapyndan nesilden-nesle geçirilip gelinýän sagdyn ýaşamagyň ýörelgeleri, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hakyndaky rowaýatlar, ýurdumyzda sagdynlyk — abadanlyk, sport — saglyk, rowaçlyk ýörelgesiniň amala aşyrylyşy barada beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň gözel paýtagtynda, welaýat merkezlerinde döwrebap binagärlik ülňüleriniň esasynda bina edilip, döwrüň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Aşgabat şäherinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Stomatologiýa merkeziniň düýbi tutuldy. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu Milli maksatnamany amala aşyrmak boýunça pudagara utgaşdyryjy topar döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy.

Mähri ANNABERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uly mugallymy.