Zyýanly endigiň zeleli

13 Iýun 2023
387

7-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem mejlisde temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurdumyza getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň, çilimkeşlik ýaly zyýanly endigi aradan aýyrmak üçin anyk çäreleri görmegiň möhümdigine üns çekildi.

Adam saglygy jemgyýetiň baş baýlygy hasaplanylýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda zyýanly endiklere garşy göreş çäreleri yzygiderli alnyp barylýar. Şol zyýanly endikleriň biri-de çilimkeşlikdir. Käbir adamlar çilimiň zyýan berýändigine ýüzleý garap, onuň ýaramaz netijelere getirýändigine känbir üns bermeýärler. Çilimkeşligiň bejermesi kyn dertlere sebäp bolýandygyny äsgermezlik etmek düýbünden ýalňyş pikirdir.

Akbibi TÄÇMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäher neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkeziniň lukmany.