Tomus paslynda Gün şöhlesiniň ýiti düşýän wagty çagalaryň uzak wagtlap Günüň aşagynda gözegçiliksiz oýnamagy maslahat berilmeýär. Çünki Gün urmagyna ýa-da beden derisiniň ýanmagyna getirmegi mümkin. Çagalaryň kölegede oýnamagyna gözegçilik etmeli. Bu pasylda geýilýän eşikler ak açyk reňkli, rahat nah matadan tikilen bolmaly. Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda adam bedeninde gyş paslynda emele gelip bilýän D witamini döreýär we gyş paslynyň dowamynda tebigy taýdan ýüze çykýan sussypesligiň öňüni alýan maddalar emele gelýär.
Tomus paslynda beden basym derleýär. Bedeniň öte derlemegi içki suw deňagramlylygyň bozulmagyna, ganyň lagtalanmagyna hem-de ýürek-damar ulgamynyň işiniň bozulmagyna getirýär. Netijede, insult, infarkt keselleriniň ýüze çykmagy mümkin. Gün şöhlesi adamyň kellesine we derisine düşüp, beýniniň gyzmagyna getirýär. Günüň dowamynda yssy howa şertlerinde 2,5-3 litre golaý suwuklygy, ýagny miwe şiresini, miwe gaýnatmalaryny, çaý, arassa agyz suwuny ýa-da limon garylan suwy içmek maslahat berilýär. Şeýle-de kadaly, sagdyn iýmitlenmegi başarmaly. Iýilýän naharlarda ýeňil siňýän, beden üçin gerek bolan witaminler, makro-mikroelementler bolmaly. Gök we bakja önümlerini iýmek maslahat berilýär. Nahary iýiljek wagty taýýarlamaly.