"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Tagalla edýäris

Bagtyýarlyk döwrümizde ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu babatynda ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Biz hem çagalar bagymyza gatnaýan körpe nesilleriň sagdyn bedenli, aň-düşünjeli bolup ýetişmekleri üçin ähli tagallalarymyzy edýäris. Biz körpeler bilen irki maşklary ýerine ýetirip, onuň adama peýdaly täsirleri barada gürrüň berýäris. Mundan başga hem arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeklerini, ellerini sabynlap ýuwmagyny yzygiderli nygtaýarys. Şu günler howada tozan bölejikleriniň kadadan artýandygy sebäpli agyz-burun örtüklerini dakynmalydygyny aýdýarys.

Sagdyn bolmak özümizden başlanýar

Ýakynda TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, TAP-nyň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde etrabymyzyň ähli edara-kärhanalarynda, orta mekdeplerinde zähmet çekýän işgärleriň arasynda “Saglyk başymyzyň täjidir” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede çykyp geplänler saglyk meselelerine garadylar. Kadaly iýmitlenmegiň adamyň saglygyny berkitmekde, beden sagatlygyny üpjün etmekdäki täsiri, her bir adamyň dogry iýmitlenip, saglygyny gorap saklamagyň, ilki bilen, onuň özüne baglydygy barada täsirli gürrüň edildi. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna girýän Garaşsyz Türkmenistanda ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar. Olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy ýokarlandyrylýar.

Arassaçylyk bu saglykdyr

Arassaçylyk — saglygyň girewi. Ol ynsany bezeýär. Adamyň ruhy-da, bedeni-de, sözleýiş dili-de arassa bolmaly. Arassa zatlar ynsanyň gözelligine gözellik goşýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň iň esasy şerti arassaçylykdyr. Öý otaglarynyň, iş ýerleriniň, dynç alynýan ýerleriň arassa bolmagy, üst-başynyň, bedeniniň arassa bolmagy adamyň ruhuny belent edýär. Arassaçylyk bilen «Gigiýena» ylmy meşgullanýar. «Gigiýena» sözi «bejerýän, sagaldýan» diýen grek sözünden gelip çykypdyr. Ol lukmançylygyň bir bölümi bolup, adamyň saglygyny, onuň ýaşaýan we zähmet çekýän ýeriniň, gurşawynyň tämizligini, arassaçylygyny öwrenýän ylymdyr. Ol keselleriň öňüni alyş çärelerini işläp düzýär. Adamzadyň saglygyny gorap, bedenini berkitmek üçin gerek bolan şertleri öwrenip, adamyň ömrüni uzaldýar. Adam her gün iki sagada golaý arassa howada gezelenç etmeli, bu bolsa gany kislorod bilen baýlaşdyrýar, bedeniň iýmit siňdiriş ulgamynyň işleýşini gowulandyrýar, netijede beden sagdyn bolýar.

Sagdyn jemgyýet — sagdyn ösüş

Häzirki zaman şertlerinde adam saglygynyň islendik jemgyýetçilik gatnaşyklaryň netijeli we işjeň häsiýetiniň wajyp şertidigini hemmeler ykrar edýär. Çünki ynsanyň ruhy we durmuş taýdan abadançylygy bilen baglanyşykly bolan adam saglygy jemgyýetde sagdyn şahsyýetiň kemala gelmeginiň, onuň döwrebap ösmeginiň ilkinji derejeli zerurlygydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilatymyzyň saglygyny berkitmek, dürli keselleriň öňüni almak, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegini we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmak ugrunda gazanylýan netijeler ýurdumyzyň ertirki ösüşleriniň gözbaşynda durýan baş baýlygyň adam saglygynda jemlenýändigini aýdyň beýan edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her ýylyň 10-njy oktýabrynda bellenilýän saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň döwlet derejesinde dabaralanmagynyň mysalynda alanyňda hem, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işleriň döwletimiziň baş baýlygyny öz raýatlarynyň jan saglygynda, ösen durmuş şertlerinde görýändigini aýdyň beýan edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan döreýän ajaýyp eserlerinden eriş-argaç bolup geçýän halk lukmançylygynyň ösdürilmegi, adamyň saglygyny berkidýän kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen

Wagyz-nesihat edildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň we welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Ahaltelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynda zähmet çekýän işçi-hünärmenler gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylara «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler, bu ugra gönükdirilen we üstünlikli amala aşyrylýan işler, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilýän belent sepgitler barada täsirli gürrüň berildi. Howa şertleriniň üýtgemegi bilen bagly döräp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilen duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda milletiň saglygyna döwletiň iň ýokary baýlygy hökmünde ähmiýetiň berilýändigi, keselleriň öňüni almak, ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek babatynda uly netijelere eýe bolunýandygy barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi. Onuň barşynda lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, 2 metr howpsuz araçägi saklamagyň möhümdigi bilen baglanyşykly öwüt-ündewler berildi.

Bahar pasly we saglyk

Bahar paslynyň gül-gunçalaryň ýakymly ysy gelip duran mylaýym howasy ynsanlara ruhubelentlik eçilýän hem bolsa, adamlaryň arasynda häli-şindi «ysgynym ýok, kelläm agyrýar, ukym tutup dur» diýen ýaly sözleri eşitmek bolýar. Mundan başga-da, pasyldan-pasla geçilýän döwürde dürli dowamly näsazlyklardan ejir çekýän adamlaryň keseliniň gozgamagy, ýygy-ýygydan sowuklama ýaly keselleriň ýüze çykmagy bolup biler. Bu döwürde howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy, ertir-agşam birneme sowap, gündizlerine bolsa yssy bolmagy, aram-aram ýagyş ýagmagy, bulutly howa dem alyş ýollarynyň dowamly sowuklamasyndan, ýürek-damar ulgamynyň sökelliklerinde bogun agyrysynyň dürli görnüşlerinden ejir çekýän, gartaşan adamlarda oňaýsyz ýagdaýlary döretmegi ahmal. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin saglygyň hakynda wagtynda alada edip, maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp durmaly.

Müň derdiň dermany (rowaýat)

Gadym zamanlarda bir enäniň kesel zerarly haly teň bolupdyr. Şonda ogullary ýurt söküp, onuň derdine derman tapypdyrlar. Bary-ýogy bir owurt boljak melhemi käsä guýup getirip beripdirler. Ene käsäni ýaňy dodagyna ýetirip barýarka, gulagyna bir naýynjar ses eşidilipdir: — Ene, aý ene! Şol suwdan maňa-da bir damja beräýseň, köp-köp derde melhem bolardym.

Kadaly iýmitlenmegiň peýdasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkyň saglygyny goramakda il bähbitli işler alnyp barylýar. Bu babatda sagdyn durmuş ýörelgesini ýöretmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem saglygyňy saklamakda sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýeti uludyr. Beloklar adam bedeniniň öýjükleriniň we dokumalarynyň gurluş elementlerini düzýär. Bedendäki alyş-çalyş, myşsalaryň ýygrylmagy, ösmek we köpelmek, pikirlenmek ukyby beloklara baglydyr. Bedende belogyň ýetmezçilik etmegi käbir witaminleriň, peýdaly ýaglaryň, köp mikroelementleriň siňmegine kynçylyk döredýär. Bu ýagdaý gormonal bozulmalara getirýär. Adam günde 80-100 g belogy harçlaýar. Şonuň üçin süýt önümlerini, ýumurtgany, balygy köpräk iýmek peýdalydyr.

Sepgitde sagdyn iýmitleniň!

Bahar paslynda howanyň ýygy-ýygydan üýtgäp durmagy adam bedeninde käbir özgerişlikleriň bolup geçmegine sebäp bolýar. Hut şonuň üçin hem sepgit döwründe adam ýygy-ýygydan sowuklaýar, üsgürýär, ukuçyllyk, ysgynsyzlyk ýagdaýlary duş gelýär, möwsümleýin keseller has köp ýüze çykýar. Käbir ýagdaýlarda bolsa allergiýanyň, ýiti respirator wirusly keselleriň ýüze çykmagy, dowamly keselleriň ýitileşmegi mümkin. Sepgit döwründe şunuň ýaly näsazlyklara garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, iýmitlenişe, bedeniň kesellere garşy göreş ukybyny (immuniteti) berkitmäge aýratyn üns bermeli. Saglygyň baş sakasy dogry we kadaly iýmitlenmek bilen baglydyr. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny üpjün edýär, adama güýç-kuwwat berýär, sazlaşykly we doly ösüşi üpjün edýär. Şeýle-de ýokanç kesellere garşy göreşmek ukybyny berkidýär. Aşa ýagly iýmitlerden gaça durmaly. Iýmitde duzuň çendenaşa köp peýdalanylmagy gan basyşynyň ýokarlanmagyna getirmegi mümkin, şeýle-de ýürek-damar, böwrek keselleri ýüze çykyp bilýär. Ýagsyz eti, balygy, towugy gaýnadyp ýa-da buglap bişirip iýmeli.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Sagdynlyk — durmuşyň bezegi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Etrek etrap geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde «Il saglygy — ýurt baýlygy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.   «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn pikirli, berk bedenli, edep-terbiýeli, bilimli, arassa ahlakly, ata Watanymyza, Gahryman Prezidentimize, mähriban halkymyza wepaly ýaşlaryň kemala gelmegi üçin uly aladalar edilýär» diýip, çykyş edenler nygtadylar. Ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin dogry iýmitlenmelidigi, sport bilen meşgullanmalydygy, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmelidigi maslahat berildi. Duşuşygyň dowamynda ilatyň saglygy barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolup, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegi arzuw edildi.

Halk bähbitli tutumly işler

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam hasaplanylýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak babatda amala aşyrylýan işleriň netijesinde ýurdumyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. Ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgerdilmegine, keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň kämil usullarynyň ornaşdyrylmagyna, ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärleriniň taýýarlanylmagyna we lukmançylyk ylmynyň mundan beýläk-de ösüşine gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilip, raýatlar döwletimiz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalýar. Elbetde, ilatyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň arasynda keselleriň öňüni alyş çärelerini, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty giňden wagyz etmeklik ulgamda alnyp barylýan işleriň esasy ugurlary bolup durýar. Ata-babalarymyzyň «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähiminden ugur alnyp, bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn amala aşyrylýan çäreleriň adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň ýokarlanmagyna we ilatyň durmuş derejesiniň hiliniň gowulanmagyna ýardam edýändigi buýsandyryjy, guwandyryjy ýagdaýdyr.

Buýan — şypaly ösümlik

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriniň 2 müňden gowrak görnüşi türkmen halk lukmançylygynda, ýagny milli tebipçiligimizde peýdalanylýar. Munuň özi güneşli Diýarymyzyň sahylyk bilen eçilen dermanlyk ösümlikleriniň ynsan saglygyny berkitmekde ähmiýetiniň örän uludygyny görkezýär. Gadymy döwürlerden bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän dermanlyk ösümlikleriň biri-de buýandyr. Buýan ösümliginiň dünýäde takmynan 15, Türkmenistanda bolsa 4 görnüşi duş gelýär. Ol il arasynda «süýji buýan» diýlip hem atlandyrylýar. Buýan kösükliler maşgalasynyň buýanlar urugynyň boýy 60 — 80 (100) sm ýetýän köpýyllyk wekilidir. Buýan iýul aýynda gülleýär we awgust-sentýabr aýlarynda miwesi ýetişýär. Buýan gurakçylyga has çydamlylygy bilen tapawutlanyp, şol bir bitýän ýerinde 10 ýyldan gowrak ösüp bilýär.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeliň!

Arassaçylyk kesellerden goranmagyň iň ygtybarly usulydyr. Biziň ählimiz nahar iýmezden öň, çagalar hem daşarda oýnap gelenlerinden soň ellerimizi akar suwuň aşagynda sabyny köpürjikledip barmaklaryň arasy bilen gowy ýuwmaly.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda abadan, sagdyn durmuşy kemala getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek, raýatlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ruhlandyrmak, ýaşlarda sporta, bedenterbiýä söýgi döretmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Mähriban halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda bedenterbiýe-sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Sport ýaryşlary bilen utgaşdyrylyp geçirilýän bu çäreler döwletimizde halkyň saglygyna, sporta we bedenterbiýä möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda eden taryhy çykyşynda: «Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň esasy maksatlaryndan ugur alyp, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän däplerini hem mynasyp dowam edýäris. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň ýurdumyzda ýokary depginler bilen yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýändigini siz gowy bilýärsiňiz.» diýip, parasatlylyk bilen belledi.

Kadaly iýmitlenmek

Kadaly we dogry iýmitlenmek nädogry iýmitlenmek bilen baglanyşykly ähli ýüze çykyp biläýjek säwlikleriň öňüni almaga ýardam berýär. Şeýle hem, aşa semizlik, süýjüli diabet, ýürek keselleri, beýni gan aýlanyşygynyň bozulmasy we howply döreme keselleri ýaly ýokanç däl keselleriň döremeginiň öňüni alýar. Nädogry iýmitlenmek we ýeterliksiz fiziki işjeňlik saglyk üçin esasy zyýanly endikler bolup durýar. Kadaly we dogry iýmitlenmek tertibi dünýä inen ilkinji günümizden başlanýar. Ene süýdi bilen iýmitlenmek çagada çagalyk we ýetginjeklik döwründe artykmaç agramlylyk we aşa semizlik howpuny azaldyp bilýär. Bedenimize kaloriýalar görnüşinde girýän energiýa sarp edilýän energiýa bilen deňleşdirilmeli. Maglumatlara görä, artykmaç agramy almazlyk üçin iýmit hökmünde iýen ýagymyz, bedenimize girýän ähli energiýanyň 30 göteriminden geçmeli däl. Kadaly we dogry iýmitlenmegi ýola goýmagyň bir usuly hem, sarp edilýän ergin şekeriň möçberiniň umumy energiýanyň 10 göterimden az bolmagyny gazanmakdyr.

Saglygymyz— baýlygymyz

 Özümizi we ýakynlarymyzy ýokançly kesellerden goramak üçin käbir arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegimiz gerek. Şeýle-de sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerine eýermek, rejeli iýmitlenmek we zähmeti hem-de dynç alşy sazlaşykly gurap, sport bilen yzygiderli meşgullanmak ähli keseliň öňüni almakda oňat netije berýär. Saglygymyzy berkitmek we bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny artdyrmak üçin ýokumly miweleri we gök-önümler bilen köpräk iýmitlenmeli.

Agyz-burun örtüginiň peýdasy

Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan möwsümleýin ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek maslahat berilýär. Howadaky tozan bölejikleriniň dem alyş ýollaryna düşmegi dem alyş ýollarynda, öýken öýjüklerinde olaryň çöküntgileriniň emele gelmegine getirip biler. Dem alyş ýollarynda dörän çöküntgiler bolsa, dem alyş ýollaryny daraldyp, öýken öýjüklerinde gyjyndyrma döredýär. Bu bolsa dowamly üsgülewük, gakylyk toplanmak ýaly nogsanlyklara getirip biler. Şol sebäpden, agyz-burun örtügini ulanmak dürli respirator ýokançlar bilen bir hatarda howanyň düzümindäki tozan bölejiklerinden hem goraýar. Özüňizi we töweregiňizdäki ýakynlaryňyzy dem alyş ýollary bilen geçip biläýjek ýokançlardan goramak üçin, agyz-burun örtügini kada laýyk ulanmalydyr. Bir gezek ulanylýan agyz- -burun örtükleri 2 sagatdan uzak wagtlap ulanylmaly däldir. Ulanylandan soň, polietilen halta ýerleşdirmeli we şondan çykarman, ýok edilmelidir. Agyz-burun örtügi çykarylmazyndan öň we soň hökmany elleri sabynlap ýuwmaly hem-de zyýansyzlandyrmaly. Agyz-burun örtügi bagjyklarynyň ýa-da gulaga dakylýan halkalarynyň yz tarapynyň aşagyndan tutup çykarylmalydyr.

Il saglygy - ýurt baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde adam saglygy ugrunda düýpli aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen sagaldyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjüň edilýär. Saglyk ulgamlarynda zähmet çekýän lukmanlarymyz we şepagat uýalarymyz näsaglary güler ýüz bilen garşy alýarlar, olara doly we dogry bejergi berýärler. Mary şäherindäki iç keselleri hassahanasynyň saglygy dikeldiş bölüminiň tok bilen owkalaýyş otagynyň şepagat uýasy Gülsara Berdimyradowa 20 ýyldan bäri zähmet çekip, ýüz tutup gelýän näsaglary mähirli garşylap, olaryň alkyşlaryna mynasyp bolýar. G. Berdimyradowa S. A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebini tamamlap, bu hassahanada zähmet ýoluna başlady. Bu ýere gelýän näsaglar onuň hyzmatyndan hoşal bolýarlar.