Halk bähbitli tutumly işler

24 Mart 2021
1116

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam hasaplanylýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak babatda amala aşyrylýan işleriň netijesinde ýurdumyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. Ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgerdilmegine, keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň kämil usullarynyň ornaşdyrylmagyna, ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärleriniň taýýarlanylmagyna we lukmançylyk ylmynyň mundan beýläk-de ösüşine gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilip, raýatlar döwletimiz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalýar.

Elbetde, ilatyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň arasynda keselleriň öňüni alyş çärelerini, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty giňden wagyz etmeklik ulgamda alnyp barylýan işleriň esasy ugurlary bolup durýar. Ata-babalarymyzyň «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähiminden ugur alnyp, bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn amala aşyrylýan çäreleriň adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň ýokarlanmagyna we ilatyň durmuş derejesiniň hiliniň gowulanmagyna ýardam edýändigi buýsandyryjy, guwandyryjy ýagdaýdyr.

Azatgül BEKMÄMMEDOWA,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.