Sepgitde sagdyn iýmitleniň!

25 Mart 2021
980

Bahar paslynda howanyň ýygy-ýygydan üýtgäp durmagy adam bedeninde käbir özgerişlikleriň bolup geçmegine sebäp bolýar. Hut şonuň üçin hem sepgit döwründe adam ýygy-ýygydan sowuklaýar, üsgürýär, ukuçyllyk, ysgynsyzlyk ýagdaýlary duş gelýär, möwsümleýin keseller has köp ýüze çykýar. Käbir ýagdaýlarda bolsa allergiýanyň, ýiti respirator wirusly keselleriň ýüze çykmagy, dowamly keselleriň ýitileşmegi mümkin. Sepgit döwründe şunuň ýaly näsazlyklara garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, iýmitlenişe, bedeniň kesellere garşy göreş ukybyny (immuniteti) berkitmäge aýratyn üns bermeli.

Saglygyň baş sakasy dogry we kadaly iýmitlenmek bilen baglydyr. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny üpjün edýär, adama güýç-kuwwat berýär, sazlaşykly we doly ösüşi üpjün edýär. Şeýle-de ýokanç kesellere garşy göreşmek ukybyny berkidýär. Aşa ýagly iýmitlerden gaça durmaly. Iýmitde duzuň çendenaşa köp peýdalanylmagy gan basyşynyň ýokarlanmagyna getirmegi mümkin, şeýle-de ýürek-damar, böwrek keselleri ýüze çykyp bilýär. Ýagsyz eti, balygy, towugy gaýnadyp ýa-da buglap bişirip iýmeli.

Gurbanjemal ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany.