Arassaçylyk bu saglykdyr

25 Mart 2021
934

Arassaçylyk — saglygyň girewi. Ol ynsany bezeýär. Adamyň ruhy-da, bedeni-de, sözleýiş dili-de arassa bolmaly. Arassa zatlar ynsanyň gözelligine gözellik goşýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň iň esasy şerti arassaçylykdyr. Öý otaglarynyň, iş ýerleriniň, dynç alynýan ýerleriň arassa bolmagy, üst-başynyň, bedeniniň arassa bolmagy adamyň ruhuny belent edýär. Arassaçylyk bilen «Gigiýena» ylmy meşgullanýar. «Gigiýena» sözi «bejerýän, sagaldýan» diýen grek sözünden gelip çykypdyr. Ol lukmançylygyň bir bölümi bolup, adamyň saglygyny, onuň ýaşaýan we zähmet çekýän ýeriniň, gurşawynyň tämizligini, arassaçylygyny öwrenýän ylymdyr. Ol keselleriň öňüni alyş çärelerini işläp düzýär. Adamzadyň saglygyny gorap, bedenini berkitmek üçin gerek bolan şertleri öwrenip, adamyň ömrüni uzaldýar.

Adam her gün iki sagada golaý arassa howada gezelenç etmeli, bu bolsa gany kislorod bilen baýlaşdyrýar, bedeniň iýmit siňdiriş ulgamynyň işleýşini gowulandyrýar, netijede beden sagdyn bolýar.

Maýagözel ASTANOWA,
Aşgabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzasy.