Buýan — şypaly ösümlik

24 Mart 2021
1082

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriniň 2 müňden gowrak görnüşi türkmen halk lukmançylygynda, ýagny milli tebipçiligimizde peýdalanylýar. Munuň özi güneşli Diýarymyzyň sahylyk bilen eçilen dermanlyk ösümlikleriniň ynsan saglygyny berkitmekde ähmiýetiniň örän uludygyny görkezýär.

Gadymy döwürlerden bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän dermanlyk ösümlikleriň biri-de buýandyr. Buýan ösümliginiň dünýäde takmynan 15, Türkmenistanda bolsa 4 görnüşi duş gelýär. Ol il arasynda «süýji buýan» diýlip hem atlandyrylýar. Buýan kösükliler maşgalasynyň buýanlar urugynyň boýy 60 — 80 (100) sm ýetýän köpýyllyk wekilidir. Buýan iýul aýynda gülleýär we awgust-sentýabr aýlarynda miwesi ýetişýär. Buýan gurakçylyga has çydamlylygy bilen tapawutlanyp, şol bir bitýän ýerinde 10 ýyldan gowrak ösüp bilýär.

Ilmyrat GURBANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmasiýa kafedrasynyň müdiri.