Sagdyn jemgyýet — sagdyn ösüş

25 Mart 2021
973

Häzirki zaman şertlerinde adam saglygynyň islendik jemgyýetçilik gatnaşyklaryň netijeli we işjeň häsiýetiniň wajyp şertidigini hemmeler ykrar edýär. Çünki ynsanyň ruhy we durmuş taýdan abadançylygy bilen baglanyşykly bolan adam saglygy jemgyýetde sagdyn şahsyýetiň kemala gelmeginiň, onuň döwrebap ösmeginiň ilkinji derejeli zerurlygydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilatymyzyň saglygyny berkitmek, dürli keselleriň öňüni almak, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegini we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmak ugrunda gazanylýan netijeler ýurdumyzyň ertirki ösüşleriniň gözbaşynda durýan baş baýlygyň adam saglygynda jemlenýändigini aýdyň beýan edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her ýylyň 10-njy oktýabrynda bellenilýän saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň döwlet derejesinde dabaralanmagynyň mysalynda alanyňda hem, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işleriň döwletimiziň baş baýlygyny öz raýatlarynyň jan saglygynda, ösen durmuş şertlerinde görýändigini aýdyň beýan edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan döreýän ajaýyp eserlerinden eriş-argaç bolup geçýän halk lukmançylygynyň ösdürilmegi, adamyň saglygyny berkidýän kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly ýörelgeleriň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylmagy ynsan ömrüniň artmagyna, keselçiligiň peselmegine, howply ýokanç keselleriň ýok edilmegine, netijede sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegine itergi berýär. Şu nukdaýnazardan, ilatymyzyň saglygyny yzygiderli berkitmek, lukmançylyk hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek, häzirki döwrüň innowasion tehnologiýalaryna, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamy ösdürmek, tebigatymyzyň bejerijilik ukyplaryny netijeli özleşdirmek babatynda alnyp barylýan işler raýatlaryň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegi bilen utgaşýar.

Batyrgeldi MEÝDANOW,
«Arçman» şypahanasynyň fizioterapewt lukmany.