Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip

24 Mart 2021
843

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda abadan, sagdyn durmuşy kemala getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek, raýatlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ruhlandyrmak, ýaşlarda sporta, bedenterbiýä söýgi döretmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Mähriban halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda bedenterbiýe-sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Sport ýaryşlary bilen utgaşdyrylyp geçirilýän bu çäreler döwletimizde halkyň saglygyna, sporta we bedenterbiýä möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda eden taryhy çykyşynda: «Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň esasy maksatlaryndan ugur alyp, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän däplerini hem mynasyp dowam edýäris. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň ýurdumyzda ýokary depginler bilen yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýändigini siz gowy bilýärsiňiz.» diýip, parasatlylyk bilen belledi.

Sähetbike ÖWEZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.