Wagyz-nesihat edildi

25 Mart 2021
707

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň we welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Ahaltelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynda zähmet çekýän işçi-hünärmenler gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylara «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler, bu ugra gönükdirilen we üstünlikli amala aşyrylýan işler, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilýän belent sepgitler barada täsirli gürrüň berildi. Howa şertleriniň üýtgemegi bilen bagly döräp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilen duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda milletiň saglygyna döwletiň iň ýokary baýlygy hökmünde ähmiýetiň berilýändigi, keselleriň öňüni almak, ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek babatynda uly netijelere eýe bolunýandygy barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi. Onuň barşynda lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, 2 metr howpsuz araçägi saklamagyň möhümdigi bilen baglanyşykly öwüt-ündewler berildi.