Sagdynlyk — durmuşyň bezegi

24 Mart 2021
871

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Etrek etrap geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde «Il saglygy — ýurt baýlygy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.  

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn pikirli, berk bedenli, edep-terbiýeli, bilimli, arassa ahlakly, ata Watanymyza, Gahryman Prezidentimize, mähriban halkymyza wepaly ýaşlaryň kemala gelmegi üçin uly aladalar edilýär» diýip, çykyş edenler nygtadylar. Ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin dogry iýmitlenmelidigi, sport bilen meşgullanmalydygy, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmelidigi maslahat berildi. Duşuşygyň dowamynda ilatyň saglygy barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolup, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegi arzuw edildi.

Rahmanberdi ABDYLWELIÝEW,
TMÝG-niň Etrek etrap geňeşiniň başlygy.