Bahar pasly we saglyk

25 Mart 2021
1070

Bahar paslynyň gül-gunçalaryň ýakymly ysy gelip duran mylaýym howasy ynsanlara ruhubelentlik eçilýän hem bolsa, adamlaryň arasynda häli-şindi «ysgynym ýok, kelläm agyrýar, ukym tutup dur» diýen ýaly sözleri eşitmek bolýar. Mundan başga-da, pasyldan-pasla geçilýän döwürde dürli dowamly näsazlyklardan ejir çekýän adamlaryň keseliniň gozgamagy, ýygy-ýygydan sowuklama ýaly keselleriň ýüze çykmagy bolup biler.

Bu döwürde howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy, ertir-agşam birneme sowap, gündizlerine bolsa yssy bolmagy, aram-aram ýagyş ýagmagy, bulutly howa dem alyş ýollarynyň dowamly sowuklamasyndan, ýürek-damar ulgamynyň sökelliklerinde bogun agyrysynyň dürli görnüşlerinden ejir çekýän, gartaşan adamlarda oňaýsyz ýagdaýlary döretmegi ahmal. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin saglygyň hakynda wagtynda alada edip, maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp durmaly.

Ejeş ÖWEZOWA,
Aşgabat şäheriniň 6-njy saglyk öýüniň maşgala lukmany.