"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, mejlise gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynas

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmakda, halklaryň arasynda parahatçylyk, dost-doganlyk köprülerini gurmakda, medeni diplomatiýany üstünlikli ösdürmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýäde abraýly döwletleriň hataryna goşmakda, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden we toplan ruhy we maddy gymmatlyklaryny, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaryny ylmy taýdan esaslandyrmakda, dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň hatarynda, dünýä halklarynyň edebiýatynda, jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, onuň milli döwletlilik taglymatyny, öwüt-nesihat, dünýewi häsiýetli ynsanperwer garaýyşlaryny öwrenmek boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň, döredijilik işgärleriniň, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekde, halkara ylmy maslahatlary geçirmekde, ýurdumyzda ylmy, medeniýeti, edebiýaty ösdürmekde, öz ýiti zehininden we jöwher paýhasyndan dörän enç

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýan syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

12-nji dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Şol gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parahatçylygyň, ynsanperwerligiň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Baýramçylyk konserti geçirildi

12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. ...Hormatly Prezidentimiz konsertiň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Baýramçylyk mynasybetli täze binalar açyldy

Asylly däbe görä, şanly senäniň — Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Häzirki wagtda tutuş Diýarymyz boýunça giň gerimli gurluşyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi sebitleriň ösüşine täze depgin berýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy üçin mümkinçilikleri döredýär. Täze binalaryň daş-töweregi baýramçylyk görnüşinde bezelip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy. Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň açylyş dabarasy boldy.

Ýurdumyzda Baş arçanyň yşyklary ýakyldy

Düýn hemmeler üçin uzak garaşylan, şatlykly we mähriban baýramyň — Täze ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Baş arçasy nurana öwüşginde ýalkym saçdy. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi emele geldi.

Belent ruhy ýörelgeleriň dowamatlylygy — Watanymyzyň rowaçlygynyň binýady

11-nji dekabrda Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Sadaka Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Şu gün «Iran Agrofood» atly 16-njy halkara ýöriteleşdirilen sergi öz işine başlady

Şu gün, 16-njy dekabrda Türkmenistanyň oba hojalygynda ýylyň iň uly möçberli halkara çäresine öwrüljek — «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergi we işewürlik maslahaty öz işine başlady. «Iran Agrofood» — bu oba hojalyk we azyk senagatyna bagyşlanyp geçirilýän halkara sergi. Ol oba hojalyk toplumynyň gazananlaryny, gaýtadan işleýji we gaplaýjy tehnologiýalary, enjamlary hem-de himiki serişdeleri tanyşdyrýar. Sergi işewürlik gatnaşyklary berkitmek we tejribe alyşmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat edýär.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HARYT-ÇIG MAL BIRŽASYNYŇ GEÇEN HEPDEDÄKI SÖWDALARY

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Germaniýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen yşyklandyryjy kerosini, şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köküni we kök baldaklaryny satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri we halylar satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 4 million 167 müň 600 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Woleýbol boýunça erkekleriň arasynda Ahal welaýatynyň çempionaty geçirildi

Ýakynda Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty müdirliginiň ýyllyk meýilnamasyna laýyklykda, woleýbol boýunça erkekleriň arasynda Ahal welaýatynyň çempionaty, Tejen we Gökdepe şäherlerinde sebit ýaryşlary geçirildi. Sebit ýaryşlaryna welaýatyň şäher we etraplaryndan 8 sany topar öz aralarynda bäsleşdiler we her sebit böleginde 1-2-nji orny eýelän toparlar jemleýji ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýaryşyň dowam edýän döwürlerinde Änew şäherindäki sport mekdebinde woleýbol boýunça Ahal welaýatynyň çempionatynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Sebitden 1-2-nji orny eýelän toparlar ýarym final duşuşyklaryna gatnaşdylar. Netijede, Tejen etrabynyň topary 3-2 hasabynda Bäherden etrabynyň toparyny, Babadaýhan etrabynyň topary hem 3-1 hasabynda Gökdepe etrabynyň toparyny ýeňip, final duşuşygyna çykdylar.

DÖWLET SYLAGLARY — BEÝIK YKRARNAMA

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Söwda toplumynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi we medeni mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, söwda toplumynyň garamagyndaky edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler, şeýle-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Ilki bilen, sylaglanyş dabarasyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.

BEREKEDIŇ TÄZE KEŞBI

Berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ak bazarlarda haryt bolçulygyny döretmek we öz ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen ildeşlerimiziň islegini kanagatlandyrmak ugrunda öwgä mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda alnyp barylýan işleriň tüýs ýerine düşýändigini bolsa bazarlardyr söwda nokatlaryna baranyňda, gözüňi dokundyrýan görnüş aňryýany bilen subut edýär. Ata Watanymyzda asudalyk owazy belentde ýaňlanyp, berekediň we bolçulygyň ýakymly görnüşi göwünleri joşdurýar. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ýurdumyzyň dürli künjegindäki bazarlardyr söwda merkezleriniň öňünde guralan göçme söwda nokatlarynda Täze ýyl sowgatlyklary, bu baýramyň bezegi bolan arçalar we her hili bezeg oýunjaklary bilen birlikde, ýokary hilli harytlaryň dürli görnüşi halka hödürlenilýär.

Täze — 2025-nji ýyl baýramyna taýýarlyk işlerinde berjaý edilmeli düzgünler

Hormatly watandaşlar! Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy sizi ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlap, siziň baýramçylyk dabaralaryny asuda geçirmegiňizi arzuw edip, şulary ýatladýarys. Täze ýyl arçasy gurnalanda, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary jogapkärçilik çekip, köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerlerinde edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary tarapyndan buýruk esasynda jogapkär nobatçylary belläp, bellenilen jogapkär nobatçylar baýramçylyk çäresinde hökmany ýagdaýda bolmalydyrlar. Jogapkär adamlar ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň çäreleri barada we ýangyn dörände, adamlary jaýdan guramaçylykly halas ediş işleri boýunça gönükdirme geçmelidirler.

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Mahabatyň giňden ýaýran görnüşleriniň biri her bir adam üçin adaty bolan bannerler, bilbordlar (bildiriş tagtasy), afişalar (bildiriş plakatlary) we ýazgylardyr. Mahabatyň bu görnüşi köp adamyň görmegi üçin ýörite desgalarda, gurluşlarda ýerleşdirilýär. Bu görnüş diňe wizual (görüş) kabul ediş üçin niýetlenendir. Onuň oňyn taraplary her bir görkeziş üçin arzan baha, auditoriýany giňden gurşap almagy, täsiriň dowamlylygy, ýerleşdirmegiň köp görnüşliligidir. Mahabatyň bu görnüşiniň oňyn däl taraplary bolsa, desgalaryň döredilmeginiň gymmatlygy, howa, gurşaw şertlerine we günüň wagtyna baglylygy, maglumat möçberiniň azlygy bolup durýar.

Marketingiň esaslary

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Marketing işini gowulandyrmak we özüniň uzak wagtlyk hereket etmegini üpjün etmek üçin firma ikitaraplaýyn aragatnaşyga (gözegçilik edilmeýän daşky gurşaw, guramanyň işi we onuň marketing meýilnamasynyň netijeliligibarada maglumat) eýe bolmalydyr. Munuň üçin bolsa, sarp edijileriň kanagatlanmak derejesini kesgitlemelidir, bäsdeşlikdäki meýilleri öwrenmelidir, munda hökümet edaralary bilen özara gatnaşyklara baha berilmelidir, ykdysadyýetiň ýagdaýyna we serişdeleriň ýetmezçilik etmek mümkinçiligine syn etmelidir, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini öwrenmelidir, harytlary ýerlemegiň we girdejiniň ösüşini seljermelidir, ýerleýiş ulgamlarynyň dürli gatnaşyjylary bilen gepleşikler alnyp barylmalydyr, şeýle hem maglumaty almagyň we peýdalanmagyň dürli usullaryny ulanmalydyr. Bu maglumatyň esasynda firma öz strategiýasyny daşky gurşawa uýgunlaşdyrmalydyr, şunda özüniň tapawutlandyryjy artykmaçlyklaryny peýdalanmagyny dowam etdirmelidir. Uzak möhletli üstünlik üçin ol marketingiň umumy meýilnamasyna laýyk gelýän täze mümkinçilikleri hemişe agtarmalydyr we marketing strategiýasyna gaýtadan garap, bazaryň bolup biläýjek howplaryna seslenmelidir.

Sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky okuw merkeziniň işgärleri Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň Gümrük institutynyň mugallymlary bilen göni wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar. Duşuşyk 2022-nji ýyldaky işgärleri taýýarlamak çygrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasyndaky Ähtnamanyň çäginde guraldy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we geljekki maksatlary ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda taraplar, hususan-da, okatmagyň täze tehnologiýalaryny we usullaryny ornaşdyrmak hem-de hünär kämilleşdiriş okuwlary boýunça sapaklary guramak barada meselelere seretdiler. Duşuşygyň dowamynda harytlary kodlaşdyrmak boýunça sazlaşdyrylan ulgam boýunça 10 sanly kody ulanmakda Özbegistanyň tejribesini öwrenmek meselesine seretdiler we bu ugurda degişli okuwlary guramagy ara alyp maslahatlaşdylar.

Täze ýylyň şatlygy – halkyň bagtyýarlygy

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 6-njy dekabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň bazarlaryny, söwda merkezlerini halkymyzyň isleg bildirýän harytlary bilen üpjün etmek, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli harytlaryň bol we elýeterli bahalardan bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamak barada nygtap geçmegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy hakynda yzygiderli aladalarynyň aýdyň hakykatydyr. Täze ýyl baýramçylygy halkymyzyň agzybirlikde, abadançylykda şatlyk-şowhunly belleýän toý-baýramlarynyň biri. Ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar günlerinden göwünleri galkynan ildeşlerimiz bu baýramçylyga häzirki wagtdan taýýarlyk görýärler. Bagtyýar halkymyzyň döwletli ojaklarynda toý saçaklaryny giňden ýazyp, datly naz-nygmatlar, azyk önümleri bilen boldan bezemekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär.

Sanly ykdysadyýet — batly ösüşiň guraly

Täze taryhy döwrümizde Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmeklik halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga, maglumat giňişligini kemala getirmäge, ösdürmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki zaman dünýäsini sanly tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk iň täze ylmy-tehniki çözgütleriň önümçilige ornaşdyrylyşy, ösen tehnologiýalaryň netijeliligi bilen kesgitlenilýär. Aslynda, «sanlylaşdyrmak» düşünjesiniň özi harytlaryň önümçiligini we hyzmatlaryň dolandyrylyşyny döwrebap intellektual tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly kämilleşdirmegiň täze tapgyryny göz öňünde tutýar. Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň esasy sebäbi döwlet dolandyryşyny, maliýe ulgamyny, lomaý we bölek söwdany, jemagat-durmuş hyzmatlaryny öz içine alýan gurşawyň ösmegi bilen baglydyr.