Marketingiň esaslary

15 Dekabr 2024
38

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Marketing işini gowulandyrmak we özüniň uzak wagtlyk hereket etmegini üpjün etmek üçin firma ikitaraplaýyn aragatnaşyga (gözegçilik edilmeýän daşky gurşaw, guramanyň işi we onuň marketing meýilnamasynyň netijeliligibarada maglumat) eýe bolmalydyr. Munuň üçin bolsa, sarp edijileriň kanagatlanmak derejesini kesgitlemelidir, bäsdeşlikdäki meýilleri öwrenmelidir, munda hökümet edaralary bilen özara gatnaşyklara baha berilmelidir, ykdysadyýetiň ýagdaýyna we serişdeleriň ýetmezçilik etmek mümkinçiligine syn etmelidir, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini öwrenmelidir, harytlary ýerlemegiň we girdejiniň ösüşini seljermelidir, ýerleýiş ulgamlarynyň dürli gatnaşyjylary bilen gepleşikler alnyp barylmalydyr, şeýle hem maglumaty almagyň we peýdalanmagyň dürli usullaryny ulanmalydyr. Bu maglumatyň esasynda firma öz strategiýasyny daşky gurşawa uýgunlaşdyrmalydyr, şunda özüniň tapawutlandyryjy artykmaçlyklaryny peýdalanmagyny dowam etdirmelidir. Uzak möhletli üstünlik üçin ol marketingiň umumy meýilnamasyna laýyk gelýän täze mümkinçilikleri hemişe agtarmalydyr we marketing strategiýasyna gaýtadan garap, bazaryň bolup biläýjek howplaryna seslenmelidir.

Maraljan KURBANOWA
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň mugallymy.