Täze ýylyň şatlygy – halkyň bagtyýarlygy

15 Dekabr 2024
21

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 6-njy dekabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň bazarlaryny, söwda merkezlerini halkymyzyň isleg bildirýän harytlary bilen üpjün etmek, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli harytlaryň bol we elýeterli bahalardan bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamak barada nygtap geçmegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy hakynda yzygiderli aladalarynyň aýdyň hakykatydyr.

Täze ýyl baýramçylygy halkymyzyň agzybirlikde, abadançylykda şatlyk-şowhunly belleýän toý-baýramlarynyň biri. Ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar günlerinden göwünleri galkynan ildeşlerimiz bu baýramçylyga häzirki wagtdan taýýarlyk görýärler. Bagtyýar halkymyzyň döwletli ojaklarynda toý saçaklaryny giňden ýazyp, datly naz-nygmatlar, azyk önümleri bilen boldan bezemekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär.

Meňli HUDAÝBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymy.