Asylly däbe görä, şanly senäniň — Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Häzirki wagtda tutuş Diýarymyz boýunça giň gerimli gurluşyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi sebitleriň ösüşine täze depgin berýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy üçin mümkinçilikleri döredýär. Täze binalaryň daş-töweregi baýramçylyk görnüşinde bezelip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.
Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň açylyş dabarasy boldy.