Halkymyzyň genji hazynasy
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan atçylyk pudagyny ösdürmek we bu ulgamda zähmet çekýän atşynaslaryň iş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda atçylyk sport toplumlary gurlup ulanmaga berilýär. Ýurdumyzda her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewleriniň milli baýramy giňden bellenilip geçilýär. Ata türkmençilikde gowulygyň, bereketiň, döwletliligiň nyşany hökmünde garalýar. Şu garaýyşlaryň özeninden hem il arasynda «At agynan ýerde toý bolar» , «At dosty ― ata dosty», «At gadyryny münen biler», «At gylygyna eýesi belet», «At rysgaly alnynda», «At saklamak ― han saklamak», «At ― ýigidiň diregi, haly ― gyzyň ýüregi» ýaly nakyllar, aýtgylar döräpdir. Şeýle hem bedewlere häsiýet berlende, sypatlandyrylanda «Gyz bakyşly», «Gelin ýörişli», «Gyz gylykly» ýaly deňeşdirmeler, meňzetmeler ulanylýar.