"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Halkymyzyň genji hazynasy

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan atçylyk pudagyny ösdürmek we bu ulgamda zähmet çekýän atşynaslaryň iş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda atçylyk sport toplumlary gurlup ulanmaga berilýär. Ýurdumyzda her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewleriniň milli baýramy giňden bellenilip geçilýär. Ata türkmençilikde gowulygyň, bereketiň, döwletliligiň nyşany hökmünde garalýar. Şu garaýyşlaryň özeninden hem il arasynda «At agynan ýerde toý bolar» , «At dosty ― ata dosty», «At gadyryny münen biler», «At gylygyna eýesi belet», «At rysgaly alnynda», «At saklamak ― han saklamak», «At ― ýigidiň diregi, haly ― gyzyň ýüregi» ýaly nakyllar, aýtgylar döräpdir. Şeýle hem bedewlere häsiýet berlende, sypatlandyrylanda «Gyz bakyşly», «Gelin ýörişli», «Gyz gylykly» ýaly deňeşdirmeler, meňzetmeler ulanylýar.

Uly ynamyň nyşany

Döwletimizde bolup geçýän her bir taryhy wakanyň diňe bir synçysy bolmak däl-de, şol wakalaryň içinde bolup, onuň täsirini duýmak has-da ýakymly, has-da buýsandyryjy. Biz hem jemgyýetçilik çärelerine gatnaşyp, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ýaşlara wagyz edýäris. Bu bolsa ýaşlaryň watançylyk duýgularynyň ösmegine täsir edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän häzirki günlerinde dürli ulgamlarda zähmet çekýän ildeşlerimize «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany gowşuryldy. Bize hem şanly ýylda ýadygärlik nyşanyny alnymyza sylmak miýesser etdi. Bütin ömre şugla çaýýan şeýle ajaýyp pursatlar has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Geçilen ýollar, ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydyr» diýip belleýär. Berkarar döwletimizde ýaşlara uly ynam bildirilýär. Hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyny ödäp, eziz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmak bagtyýar ýaşlaryň esasy borjudyr.

Dostuňy begendirseň gowy

(Kinaýaly kyssa) Meniň ýürekden gowy görýän ýeke dostum bar. Men onuň bilen çagalygymdan bäri oňat gatnaşykda. Özümizi bilelimiz bäri iýenimiz aýry gidenok diýsem asla ýalan däl. Orta mekdebem bileje okadyk, ýokary okuw mekdebinem, hatda häzir iş ýerimizem bir. Garaz, her günde bir-birini görmeseler oňmaýanlardan-da biz.

Bagtyýar çagalygyň ýurdunda

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk we begenç duýgusyny döretdi. «Älem» medeni-dynç alyş merkezi Täze ýyl baýramynyň dabaralarynyň geçirilýän esasy ýerleriniň biridir. Şol gün hem bu ýerde ajaýyp baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Baş arçanyň ýanynda geçirilýän dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan çagalar gatnaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

27-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar! Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr.

Arkadag şäheri — beýik döwrüň keşbi

28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy. Degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz bagtyýar halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady. Milli Liderimiz Arkadag şäherine gelip, täze şäheriň «Akhan» we «Taýçanak» şaýollarynyň aralygynda durky täzelenýän köçäniň germewlerini, olaryň şekillerini synlap, belliklerini aýtdy. Milli Liderimiz täze şäheriň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy birek-biregi täze — 2025-nji ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, Walentina Matwiýenko türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de hormatly Prezidentimize Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Senenamalaryň seresi we hoşamaýlyk senesi

Müňýyllyk ömri bar zatlaryň çuňňur manysy bolýar. Ýaşaýyş-durmuş bilen berk baglanyşykly bolan «ömürbaky» ýa-da «ömri uzak» düşünjeler milletiň däp-dessuryna öwrülip, halkyň aňynda, hakydasynda ýaşamagyny dowam etdirýär. Şeýdibem, ata-babalarymyzyň bilim-tejribeleri, öwüt-ündewleri, pent-nesihatlary, gymmatly maslahatlary bilen nesiller sagdyn ruhda terbiýelenýär. Munça ýyllaryň gerdişinden aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten bolsa, diýmek, onuň düýbünde durmuşyň degerli hakykatlary, pähim-paýhaslary jemlenendir. Her bir zadyň döreýşiniň we dowam edişiniň öz hikmeti, çuňňur many-mazmuny bar. Döwrümizde ulanylýan aý-gün hasaplarynyň hem özboluşly aýratynlyklary özünde jemleýändiginden habarlysyňyz. Eýsem, bu hasap-hesipleri ata-babalarymyz nähili ulanypdyrlar? Biz olary nähili peýdalanyp bileris? Aý, Gün we ýyldyz

Arzuwlary hasyl eýläp, hoş geldiň sen, Täze ýyl!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ýyllar ýyllardan zyýada gelip, göwünlere nur çaýylýar. Günler sepleşip, dür monjuk deý düzülip, ýurdumyzyň ösüşleri taryhyň gatyna zer harplar bilen ýazylýar. Her bir günde şatlyk-şowhun, gözellik hem-de ylham bar. Ähli ildeşlerimiziň kalbynda arzuw-umyt, joşgun bar. Biz hem baýramçylyk mynasybetli eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan ildeşlerimiziň käbiriniň Täze ýyl arzuwlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik:

Kimleriň dilinde Täze ýyl ýatlamalary, kimleriňkide bolsa şygyr bentleri

Kerim GURBANNEPESOW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy: — Täze ýyl dogulsyn müňläp ogullar,

Baýramçylyk saçagy

Her bir maşgala Täze ýyl baýramçylyk saçagyny dürli tagamlar bilen bezeýär. Baýramçylyk saçagyna niýetlenen önümleri bolsa ýurdumyzyň azyk önümlerini satmaga rugsat berlen ak bazarlaryndan, söwda merkezlerinden, dükanlaryndan we söwda nokatlaryndan satyn almalydygyny ýatladýarys. Azyk önümlerini saýlap alanyňyzda, hil taýdan arassalygyna, terligine, ýaramlylyk möhletine üns bermeli. Satyn alnan azyk önümlerini sowadyjyda saklamak zerur. Miweleri, gök otlary gowy edip akar suwda ýuwmaly. Çig önümler, taýýar edilen işdäaçarlar we beýleki sowuk tagamlar gaplanan ýagdaýda aýratyn saklanmaly. Tagamlar taýýarlananda, öý bikeleri arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Baýramçylyk saçagynda miwelerden taýýarlanan şireler, dürli ir-iýmişleriň gaýnatmalary (kompot), türkmen topragynda ösýän ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary hem bolsa has ýerine düşer.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary boldy. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Möhüm meselelere garaldy

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ahalda

Il saglygy — bagtyýarlyk

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Milli Liderimiz bu ýerde gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy. Soňra lukman Arkadagymyzyň garamagyna täze toplumyň binalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, enjamlaşdyrylyş aýratynlyklarynyň görnüşleri baradaky şekil taslamalary görkezildi. Olar barada saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow we sebitde iň iri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesow hasabat berdi.

Suw üpjünçilik ulgamy kämilleşýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Eziz Diýarymyzda şäherleriň we ilatly ýerleriň suw üpjünçilik ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň şäherleriniň, obalarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw howdanlarynyň göwrümini, derýalaryň, suwaryş we lagym ulgamlarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

Diýarymyzda dünýäniň estrada ýyldyzlary

Eziz Diýarymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikler, zähmet ýeňişleri bilen tamamlanyp barýan ýene bir ýyly arka atyp, täze — 2025-nji ýylyň bosagasynda dur. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjegi şowhunly dabaralar, göwün göteriji çäreler bilen gurşaldy. Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylmagy bilen badalga alyp, tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyryldy. Mälim bolşy ýaly, şu günler paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Gyşky oýunlar sport toplumynda ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň meşhur estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda konsert maksatnamalary dowam edýär. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralýan konsertler Aşgabadyň ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda uly gyzyklanma döredip, tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýatdan çykmajak ýakymly wakalarynyň birine öwrülýär.

Bereket çeşmeli ammar

Ýurdumyzda ýetişdirilen ter miweler, gök-bakja önümleri bilen ak bazarlarymyzy, söwda nokatlarymyzy ýylyň ähli paslynda üpjün etmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ähli welaýatlarymyzda döwrebap ýyladyşhanalaryň, gök-bakja, miwedir ir-iýmişleri saklamak üçin ýöriteleşdirilen ammarlaryň gurlup ulanmaga berilmegi aýdyň mysaldyr. Şeýle desgalaryň biri-de Daşoguz welaýatyndaky «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň gök-bakja, miwe önümlerini kabul etmek we saklamak üçin niýetlenen ammardyr. 3 müň tonna barabar önümleri saklamaga niýetlenen bu desga 2016-njy ýylda işe girizildi. Ol ýerde miwe we gök-bakja önümleriniň ýylyň ähli paslynda-da ilata terligine ýetirilmegi üçin şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigini buýsanç bilen aýdyp bolar. Daýhan hojalyklar, kärendeçiler bilen ýylyň başyna şertnama baglaşylyp, olardan dürli gök we miwe önümleri satyn alnyp, ammarda ýerleşdirilýär. Hasaplaşyklar wagtly-wagtynda geçirilýär. Bu bolsa sahawatly toprakdan bol hasyl alyp, ykbalyny topraga baglan ýer eýeleriniň, kärendeçi daýhanlaryň öz kärine söýgüsini artdyrýar.

Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

Düýn — 27-nji dekabrda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda Çagalar awtoşäherçesinde «Garaşsyz Watanymyza Täze ýyl geldi!» atly dabara geçirildi. Oňa Aşgabat şäherindäki orta mekdeplerde bilim alýan 4-5-nji synp okuwçylar gatnaşdy. Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň döwlet sirkiniň artistleriniň, Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň, şeýle hem aýdym-saz toparlarynyň görkezen çykyşlary çagalarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Baýramçylyk dabarasy geçirildi

Golaýda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komiteti, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Aşgabadyň ýalkymy» söwda merkeziniň «Altyn» toý zalynda «Arkadagly Serdar bilen ýurdum Täze ýyla barýar» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Täze ýyla bagyşlanyp geçirilen dabarada Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň döredijilik toparynyň, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny artdyrdy.