"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Beýik şahyra hormatyň belentden ýaňlanan owazy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna «Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly bäsleşige

Akyldaryň sarpasy arşa galýar

Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly bäsleşige Magtymguly Pyragynyň şygyrlary üstünden ýüzlerçe ýyl geçse-de, dillerimiziň senasy bolup ýaňlanýar. Durmuşda islendik jedelli mesele ýüze çyksa, Magtymguludan mysal getirilse, şol meseläniň öz çözgüdini tapdygy hasap edilýär. Şahyryň akyl-paýhasa ýugrulan şygyrlary adamkärçiligiň, watançylygyň, mertligiň, ahlagyň... ölçeg daşy bolup kalbyňa dolýar. Eline galam alyp, edebi döredijilige baş goşan adamlaryň ählisi akyldar şahyrymyzy özüniň baş halypasy hasaplaýar, onuň goşgularyny höwes bilen okaýar, ondan öwrenýär.

Watansöýüjiligiň beýik mekdebi

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy edebi mirasymyzy baýlaşdyryp, türkmen edebiýatynyň, diliniň ösmegine, kämilleşmegine ägirt uly goşant goşdy. Magtymgulynyň şygyrlary halk durmuşyna içgin we çuňňur aralaşan eserlerdir. Şahyr bitewi bir döwlet gurmak, mukaddes topragy jan-dilden söýmek, ata-enäni hormatlamak, özüňden ulyny sylamak, ejizlere kömek etmek, ynsanperwerlik, söýgi meselelerine yzygiderli ýüzlenipdir. Onuň döredijiligi — giň hem köptaraply. Onda durmuşy şygyrlar esasy orun tutýar. Älem-jahany keşt eden dana şahyr Watanyňy, halkyňy hemişe başyňa täç etmelidigini, öz iliňden, ýurduňdan özge eziz ýeriň ýokdugyny «Mert bolmaz» diýen şygrynda şeýle beýan edýär:

Dürdäne şygyrlary — şugla saçýan şamçyrag

Gündogaryň dünýä meşhur akyldary, dana şahyr Magtymguly Pyragynyň şan-şöhraty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bütin dünýä ýaýylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky tagallalary, bu ugurda bitirilýän işler bizi juda begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda gözel paýtagtymyzyň täsin tebigatly künjeginde, Köpetdagyň eteginde akyldar şahyryň beýikligi 60 metre barabar bolan ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň taryhynda unudylmajak waka bolup, kalbymyzda hemişelik orun aldy. Munuň özi görnükli söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň kepilidir. Dana şahyrymyzyň bize goýup giden baý, gymmatly edebi mirasy ýaş nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolan ýol görkeziji şamçyragdyr. Türkmen edebiýatynyň düýbüni tutup, Ýer ýüzüne äşgär eden ussadyň şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasydyr, umumadamzadyň ruhy baýlygydyr. Şeýle bolansoň, onuň dürdäne şygyrlary dünýä ýüzüniň okyjylaryny hem hemişe gyzyklandyryp gelýär. Beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde «Magtymguly» atly täze kitabyň çap edilmegi şahyryň şygyrlarynyň muşdaklary üçin ajaýyp

Ýagyş

  (Tymsal) Deňziň üstünde ýagyş ýagýar eken.

Süýji düýş (Hekaýa)

Gyzjagaz entek okuwa gidenok. Enesiniň aýtmagyna görä, ol haçan-da towşanlar çöpe girip ugrandan soň gitmeli. Oňa bolsa entek ellenmän ýatan üç aý bar. Ýöne gyzjagaz okuwa gitmeýän hem bolsa, harplaryň ählijesini bäş barmagy ýaly bilýär. Ony enesi kitap açdyrman öwretdi. Ol beýle bir kyn hem däl, ýöne onuň üçin janly tebigatyň — sähralaryň dilini öwrenmeli. Öwrenseň bolsa, sen sähralar bilen biri-biriň ýaly gepleşip bilýäň. Şonuň üçin gyzjagaz her gün irden turup, göni maňlaýlaryndaky beýige — Akmaňlaýyň üstüne çykýar. Onuň ýüzi bolsa yzdan doly. Ol gyzjagaz üçin uly harplyk. Ynha, bu «a» harpyna meňzäp duran ene çürçüriniň yzy. Bu ýerde-de, alakalar özleriniň keltejik aýaklary bilen «b» harpyny ýazyp gidipdirler. Tomzakdyr jykjygyň yzam «J» harpyna juda meňzeş. Gaharjaň şagalyň yzy bolsa, agynjak «ö» harpynyň özi. Bu «ç» harpyny aňladýan hem ötegçi durnalaryň yzy. Ynha, bu ýerde bolsa zemzendir suwlugan «ü» harpyny ýasap, suwlup gidipdir. Görl-e muny, bu ýerde gannalynyň yzam bar, ol üýtgewsiz «z» harpy. Olar kän, kän hem bolsa gyzjagaz olaryň ählisini — otuz harpyň barjasyny bilýär. Sanlary bolsa enesi oňa gök asmanyň ýüzündäki ýyldyzlardan öwretdi. Gijelerine olar mesaňa bolup, petreşip durlar. Enesi olaryň hersiniň adyny tutýar. Tirkeşýän ýyldyzlar. Olar aýratyn lowurdap görünýär. Özlerem dört sany. Olaryň birinjisi «Ülker». Ol alty sany öçüp-ýanyp duran topbajyk ýyldyz. Ik

Güýzüň görki sary ýaprak

«Güýzüň görki sary ýaprak». Mamam şu setiri hemişe gaýtalamagy gowy görýär. Her gezek güýz gelse, ýaşy segsene ser uran hem bolsa, onuň kaddy ekezlenen ýaly bolýar. Mamam güýz paslyny juda gowy görýär. Ol güýzüň aşygy. Men çagalykdan mamamyň ýanynda ösüp-ulalamsoň , onuň bilen güýzde durnalaryň toýnuk gurap gidişini synlamagy endik edinipdirin. Sary ýapraklaryň çybşyldap ýere gaýyp düşüşini görüp, men häzir hem mamamy ýatlaýaryn. Ol häzir obada sary ýapraklary mähribanlyk bilen synlaýandyr, durnalara-da maýyl bolup bakýandyr. Men hem paýtagtymyzyň iň gözel seýilgähleriniň birinde güýzüň görkli günlerini çäksiz şatlyk bilen garşy alýaryn. Gezim etmegi ýürekden halaýaryn. Asmana seretdim, bir ýerlerden gara bulutlar top-top bolup geldiler-de, güýzüň görküniň göwheri bolan damjalary paýradyp goýberdiler. Ýagşyň damjalary ýaňagyma degende, birneme tisgindim-de ýatlamalar bilen bagly pikirlerimden aýňaldym. Mamama jaň etdim, hal-ýagdaýy bilen gyzyklandym. «Mama, güýz ýagşy ýagýar» diýsem, ol: «Bärde-de ýagýar» diýip şadyýan sözledi. Biz onuň bilen kän gürrüňleriň başyny agyrtdyk. Mamam ýapraklar hakynda söz açyp, Gurbannazar şahyryň: «Söýýän güýz paslyny, sarylygyny» diýen setirlerini zybanyna getirdi. Kalbymda «Gurbannazar ýazda dogulsa-da, güýzüň şahyry» diýip, gazet sahypalarynyň birinden okan pikirim peýda boldy. Men mamama Gurbannazar şahyryň: Syr alyp syr berişýänSöw

Sen bolmasaň

Güýz ýapragy ýaly meňzim saralyp,Tänip gaçardym men ömür şahamdan.Ýanymda bolmasaň dünýe daralyp,Gaýgy-hasrat ýapyşardy ýakamdan. Nämüçin ýaşaýan, maksadym näme,Özümem bilmezdim manysyn ömrüň.Sen bolmadyk bolsaň — söýmedik bolsam,Bagta garaşyplar soňlardym ömrüm.

Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary

Jenneti mekanly, eziz Diýarly,Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary.Belent maksat tutan, arzuw-hyýally,Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary. Pederleriň durmuş sapagyn diňlän,Pendi-nesihatyn ýürekden oňlan,Ykbaly göterlen, işleri şowlan,Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary.

Aýdyşyk (Hekaýa)

Durdy şahyrdan gelen hata Magtymguly geň galdy. Ony çendirli Nazaraly sopy gapdalynyň dogaýy salamy bilen elin getirip gitdi. Şahyr düýrlengi kagyzyň gatyny howlukmaç açdy-da, haty gözüne golaý eltdi. Ondaky ýazylanlary bir demde okap çykdy. Bu okalyş Magtymgulyny kanagatlandyrmady. Şahyr şygyr bentleriniň her bir setirini howlukman, ünsli okap çykanyndan soň, onuň göwni ynjalyk tapdy. Bu Durdy şahyryň gözýetiminiň giňliginden, düşünjesiniň zyýatdygyndan habar berýärdi. Şahyry iňkise goýan zat şu pikirler boldy: «Sowallaryma tiz hem dogry jogap berilmegi pikir ýöredişimiň ýöntemliginden, sowadymyň şindi kemterliginden bolaýmasyn? Bu barada ylym atamy habardar edeýin». Magtymguly ädimlerini giňden urup, öýden çykdy.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwretmek

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr. Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär» diýlip, parasatly bellenilýär. Ýaşlary, esasan hem, okuwçylary terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň örän uly ähmiýetiniň bardygyny hemmämiz bilýäris. Munuň üçin şahyryň ömrüni, döredijiligini ýaşlara, okuwçylara ýadynda galaýjak, täsirli şekilde düşündirmek bilim işgärleriniň öňünde mukaddes borç bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň atasy Magtymguly Ýonaçynyň senetkär, at esbaplaryndan ýona, uýan, gamçy, çeki ýasamagy hem-de kümüş ussaçylygyndan baş çykaryp bilýän adam bolandygy barada maglumatlar ylmy kitaplarda berilýär.

Ajaýyp owaz

Bu waka irräk, geçen asyrda bolupdy. Biziň obamyzyň gaýrasynda giň ýaýylyp ýatan sonarlyk bardy. Oba adamlary ol ýere «çalpow» hem diýerdiler. Obanyň 10-12 ýaşly oglanlary bolup okuwdan boş wagtlarymyz şol meýdanda ownuk mallarymyzy bakardyk, göreş tutardyk. Biziň 4-5 jaý günbatarymyzda Durdymyrat diýen ýaşuly goňşymyz bardy. Ol örän daýaw, syratly adamdy. Ak eşegini münüp, mallaryny örä çykaranda, aýagy ýerden sähelçe ýokarda sallanar durardy. Durdymyrat aga hem çaklaňja dowar sürüsini çalpowyň töwereginde bakardy. Ol degişgen ýaşuludy, gargy, dilli tüýdük çalmaga juda ezberdi. Biz bilen hem öz deň-duşumyz ýaly degşerdi. Ol döwürlerde obamyzyň ortasyndaky çaklaňja jaýda çeper höwesjeňler gurnagy hereket ederdi. Durdymyrat aga hem şol gurnaga gatnaşyp, gargy, dilli tüýdük çalardy. Obamyzyň çeper höwesjeňlerini aram-aram teleýaýlymda hem görkezerdiler. Şu wagt hem arhiwden alyp, dilli tüýdük çalýan Durdymyrat agany görkezenlerinde şol bigam oglanlyk döwrüm ýadyma düşýär.

Tyllaýy güýz

(Oýlanma) Nurly Günüň säheri bir şatlykly habary bize buşlajak ýalydy. Hakykatdan-da, tebigy gözellik ýakymly täsir galdyrýardy. Bu täsinlik meni öz erkime goýman, gözel tebigata seýle çagyrdy.

Ylym äleminiň ägirdi

Ýewropalylarda Awisenna ady bilen tanalýan Abu Aly Hüseýn ibn Abdyllah ibn Aly ibn Hasan ibn Sina ylym äleminde öçmejek yz goýan beýik lukman we filosofdyr. Elbetde, meşhur lukmany içgin öwrenmek üçin müňýyllyklaryň çarkandakly ýollaryny sökmeli. Çöl-beýewanda elmydama ýaşyl öwüsýän şemşat, şonuň ýaly-da badam, hoz agaçlarynyň, müň derdiň dermany bolan kimiýa otunyň, üzärligiň, buýanyň we beýleki ot-çöpleriň syrlaryna içgin aralaşmaly. «Meşhur ömrüň sahypalary» atly kitabyň awtory, görnükli ýazyjy Lýudmila Saldadze: «Ibn Sina — iňňän uly, ajaýyp ynsan ýoluny geçmegiň netijesi» diýip belleýär. Abu Aly ibn Sinanyň ömür ýoluny, lukman hökmünde durmuşa geçiren amallaryny içgin öwrenen Milli Liderimiz onuň işleri hakynda «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işinde köp gezekler ýatlaýar. 1980-nji ýylda dünýä jemgyýetçiligi Ibn Sinanyň doglan gününiň 1000 ýyllygyny belledi. Dogrusy meşhur filosofyň ömür ýollary, ylmy açyşlary, ynsan hökmünde özünden öň hiç bir adamyň amal edip bilmedik işlerini durmuşa geçirişi dogrusynda ol heniz dirikä-de, ýurduny täzeländen soňam çekişmeler, ylmy jedeller paýawlamaýar. Alymyň heniz görlüp-eşidilmedik işleriniň bardygynyň tarapdarlarynyň köp bolşy ýaly, onuň bitiren işlerini-de akylyna sygdyryp bilmän, oňa garşy çykýanlar hem az däl.

Güýz — göwünleriň soltany

(Oýlanma) Göwnüme bolmasa, güýz gelende tebigatyň özem begenýän ýaly. Çünki güýzüň gelmegi bilen bütin tomsuň dowamynda ýüzi Güne mazaly ýanan baglaryň, daglaryň... keşbinde-de ýylgyryş peýda bolup, nygmat baryny eçilýän toprak gözüňe diýseň yssy görünýär. Ol ýylgyryş uzakly gün der döküp, soňam çeken zähmetinden hoş bolmakdan öňüne bir çäýnek çaý alyp, teşnelikden ganýan adamyň göwnühoşlugyna meňzeýär. Şeýle göwnühoş adamlaryň içinden we daşyna çykaryp, ýürekden aýdýan alkyşynyň ene topraga, şeýle hem bereketli hasyl eçilýän güýzdigini aňmazlyk mümkin däl. Şonuň ýaly pursatda şol bagtyýar ynsanyň sesine ses goşup, tyllaýy güýzi alkyşlap, diňe bir gök önümdir iýmişleri däl-de, eýsem, topragyň özünem bagryňa basasyň gelýär. Ussat şahyr Atajan Annaberdiýew şeýle pursady «Gujaklaýyn, gujagyma sygmasaň, Synlap-synlap, gözlem bilen ýuwdaýyn» diýen görnüşde beýan edýär.

SÜNNET TOÝUNYŇ GUTLAGY

Arkadag Serdarly türkmen ilinde, Sünnet toýy gutly-mübärek bolsun!

Arzuwlar

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024 Se­niň üçin tä­ze mak­sat goý­ma­ga ýa-da ar­zuw et­mä­ne hiç ha­çan giç däl­dir.

Döredijilik dünýäsi

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024 * * *

Toý-dabaraň dünýä ýaňdyr, Diýarym!

Ýüregimiň ýagyna, ýaşymyň ýazyna, bagtymyň bagyna deňeýän Diýarym dünýämdir, didämdir, ykbalymdyr, ylhamymdyr, ygrarymdyr. Bu Diýaryň her bir güni, her säheri, ulus-il bolup toýlanylýan baýramlary kalbymyň ganatydyr. Her ýyl altyn güýzüň ilkinji gününde toýlanylýan Bilimler we talyp ýaşlar gününiň joşguny, täsiri has-da üýtgeşik. Sebäbi bu baýram bizi mekdep ýyllarymyza, talyplyk döwrümize dolaýar. Şonuň üçinem bu baýramy ählimize-de degişli saýýaryn. Toý-baýram bar ýerinde asudalyk, abadanlyk bar. Ony biziň gülşenli günlerimiz aýdyň aýdýar. Toýuň bar ýerinde juwanlyk bar, gowulyk bar, gülzarlyk bar. Muňa biziň bagtyýar zamanamyzyň görkana günleri şaýat. Ol günleriň her pursaty göz guwanjymyz bolan ýaş nesliň ýüregine müdimilik ýazylýar. Sebäbi bu Diýarda olara bolan ynam, söýgi uly. Sebäbi olaryň öňünde ertir bar, ajaýyp zaman bar, ýagty geljek bar.

Şygryýet

Seniň mertebäňe, seniň sarpaňaHemişe höwesli, hyrydar boldum. Uzak menzillere aýdyň ýol açýanZehiniň ýitelsin, ýoldaş mugallym! Ata Atajanow,Türkmenistanyň halk ýazyjysy.