Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwretmek

3 Sentýabr 2024
191

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr. Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär» diýlip, parasatly bellenilýär. Ýaşlary, esasan hem, okuwçylary terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň örän uly ähmiýetiniň bardygyny hemmämiz bilýäris. Munuň üçin şahyryň ömrüni, döredijiligini ýaşlara, okuwçylara ýadynda galaýjak, täsirli şekilde düşündirmek bilim işgärleriniň öňünde mukaddes borç bolup durýar.

Magtymguly Pyragynyň atasy Magtymguly Ýonaçynyň senetkär, at esbaplaryndan ýona, uýan, gamçy, çeki ýasamagy hem-de kümüş ussaçylygyndan baş çykaryp bilýän adam bolandygy barada maglumatlar ylmy kitaplarda berilýär.

Ödemyrat DURDYÝEW,
Akdepe etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mugallymy.