Süýji düýş (Hekaýa)

3 Sentýabr 2024
61

Gyzjagaz entek okuwa gidenok. Enesiniň aýtmagyna görä, ol haçan-da towşanlar çöpe girip ugrandan soň gitmeli. Oňa bolsa entek ellenmän ýatan üç aý bar. Ýöne gyzjagaz okuwa gitmeýän hem bolsa, harplaryň ählijesini bäş barmagy ýaly bilýär. Ony enesi kitap açdyrman öwretdi. Ol beýle bir kyn hem däl, ýöne onuň üçin janly tebigatyň — sähralaryň dilini öwrenmeli. Öwrenseň bolsa, sen sähralar bilen biri-biriň ýaly gepleşip bilýäň. Şonuň üçin gyzjagaz her gün irden turup, göni maňlaýlaryndaky beýige — Akmaňlaýyň üstüne çykýar. Onuň ýüzi bolsa yzdan doly. Ol gyzjagaz üçin uly harplyk. Ynha, bu «a» harpyna meňzäp duran ene çürçüriniň yzy. Bu ýerde-de, alakalar özleriniň keltejik aýaklary bilen «b» harpyny ýazyp gidipdirler. Tomzakdyr jykjygyň yzam «J» harpyna juda meňzeş. Gaharjaň şagalyň yzy bolsa, agynjak «ö» harpynyň özi. Bu «ç» harpyny aňladýan hem ötegçi durnalaryň yzy. Ynha, bu ýerde bolsa zemzendir suwlugan «ü» harpyny ýasap, suwlup gidipdir. Görl-e muny, bu ýerde gannalynyň yzam bar, ol üýtgewsiz «z» harpy.

Olar kän, kän hem bolsa gyzjagaz olaryň ählisini — otuz harpyň barjasyny bilýär. Sanlary bolsa enesi oňa gök asmanyň ýüzündäki ýyldyzlardan öwretdi. Gijelerine olar mesaňa bolup, petreşip durlar. Enesi olaryň hersiniň adyny tutýar. Tirkeşýän ýyldyzlar. Olar aýratyn lowurdap görünýär. Özlerem dört sany. Olaryň birinjisi «Ülker». Ol alty sany öçüp-ýanyp duran topbajyk ýyldyz. Ikinjisi «Aralyk». Ol owadan şöhleli ýyldyz. Üçünjisi «Üç ýyldyz». Olar hem şöhle saçyp duran görnükli, ullakan üç sany owadan ýyldyz. Soň «Ýaldyrak». O-da belli ýyldyz. Olar doganda biri-biriniň arasy dogry ýigrimi gün bolýar. Gyzjagaz olary barmajygyny büküp sanaýar. Ýöne ýyldyzlar ýalňyşman enesiniň aýdyşy ýaly, ýigrimi güni geçirip görünýär.

Öwezmyrat ÝERBENDI,
ýazyjy.