Güýz — göwünleriň soltany

2 Sentýabr 2024
86

(Oýlanma)

Göwnüme bolmasa, güýz gelende tebigatyň özem begenýän ýaly. Çünki güýzüň gelmegi bilen bütin tomsuň dowamynda ýüzi Güne mazaly ýanan baglaryň, daglaryň... keşbinde-de ýylgyryş peýda bolup, nygmat baryny eçilýän toprak gözüňe diýseň yssy görünýär. Ol ýylgyryş uzakly gün der döküp, soňam çeken zähmetinden hoş bolmakdan öňüne bir çäýnek çaý alyp, teşnelikden ganýan adamyň göwnühoşlugyna meňzeýär. Şeýle göwnühoş adamlaryň içinden we daşyna çykaryp, ýürekden aýdýan alkyşynyň ene topraga, şeýle hem bereketli hasyl eçilýän güýzdigini aňmazlyk mümkin däl. Şonuň ýaly pursatda şol bagtyýar ynsanyň sesine ses goşup, tyllaýy güýzi alkyşlap, diňe bir gök önümdir iýmişleri däl-de, eýsem, topragyň özünem bagryňa basasyň gelýär. Ussat şahyr Atajan Annaberdiýew şeýle pursady «Gujaklaýyn, gujagyma sygmasaň, Synlap-synlap, gözlem bilen ýuwdaýyn» diýen görnüşde beýan edýär.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».