Ylym äleminiň ägirdi

2 Sentýabr 2024
77

Ýewropalylarda Awisenna ady bilen tanalýan Abu Aly Hüseýn ibn Abdyllah ibn Aly ibn Hasan ibn Sina ylym äleminde öçmejek yz goýan beýik lukman we filosofdyr. Elbetde, meşhur lukmany içgin öwrenmek üçin müňýyllyklaryň çarkandakly ýollaryny sökmeli. Çöl-beýewanda elmydama ýaşyl öwüsýän şemşat, şonuň ýaly-da badam, hoz agaçlarynyň, müň derdiň dermany bolan kimiýa otunyň, üzärligiň, buýanyň we beýleki ot-çöpleriň syrlaryna içgin aralaşmaly. «Meşhur ömrüň sahypalary» atly kitabyň awtory, görnükli ýazyjy Lýudmila Saldadze: «Ibn Sina — iňňän uly, ajaýyp ynsan ýoluny geçmegiň netijesi» diýip belleýär. Abu Aly ibn Sinanyň ömür ýoluny, lukman hökmünde durmuşa geçiren amallaryny içgin öwrenen Milli Liderimiz onuň işleri hakynda «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işinde köp gezekler ýatlaýar.

1980-nji ýylda dünýä jemgyýetçiligi Ibn Sinanyň doglan gününiň 1000 ýyllygyny belledi. Dogrusy meşhur filosofyň ömür ýollary, ylmy açyşlary, ynsan hökmünde özünden öň hiç bir adamyň amal edip bilmedik işlerini durmuşa geçirişi dogrusynda ol heniz dirikä-de, ýurduny täzeländen soňam çekişmeler, ylmy jedeller paýawlamaýar. Alymyň heniz görlüp-eşidilmedik işleriniň bardygynyň tarapdarlarynyň köp bolşy ýaly, onuň bitiren işlerini-de akylyna sygdyryp bilmän, oňa garşy çykýanlar hem az däl.

Abdylhalyk JUMADOW,
«Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň redaktory.