Aýdyşyk (Hekaýa)

3 Sentýabr 2024
63

Durdy şahyrdan gelen hata Magtymguly geň galdy. Ony çendirli Nazaraly sopy gapdalynyň dogaýy salamy bilen elin getirip gitdi. Şahyr düýrlengi kagyzyň gatyny howlukmaç açdy-da, haty gözüne golaý eltdi. Ondaky ýazylanlary bir demde okap çykdy. Bu okalyş Magtymgulyny kanagatlandyrmady. Şahyr şygyr bentleriniň her bir setirini howlukman, ünsli okap çykanyndan soň, onuň göwni ynjalyk tapdy. Bu Durdy şahyryň gözýetiminiň giňliginden, düşünjesiniň zyýatdygyndan habar berýärdi. Şahyry iňkise goýan zat şu pikirler boldy: «Sowallaryma tiz hem dogry jogap berilmegi pikir ýöredişimiň ýöntemliginden, sowadymyň şindi kemterliginden bolaýmasyn? Bu barada ylym atamy habardar edeýin».

Magtymguly ädimlerini giňden urup, öýden çykdy.

Döwletmyrat NURYÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.