Dürdäne şygyrlary — şugla saçýan şamçyrag

4 Sentýabr 2024
44

Gündogaryň dünýä meşhur akyldary, dana şahyr Magtymguly Pyragynyň şan-şöhraty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bütin dünýä ýaýylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky tagallalary, bu ugurda bitirilýän işler bizi juda begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda gözel paýtagtymyzyň täsin tebigatly künjeginde, Köpetdagyň eteginde akyldar şahyryň beýikligi 60 metre barabar bolan ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň taryhynda unudylmajak waka bolup, kalbymyzda hemişelik orun aldy. Munuň özi görnükli söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň kepilidir.

Dana şahyrymyzyň bize goýup giden baý, gymmatly edebi mirasy ýaş nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolan ýol görkeziji şamçyragdyr. Türkmen edebiýatynyň düýbüni tutup, Ýer ýüzüne äşgär eden ussadyň şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasydyr, umumadamzadyň ruhy baýlygydyr. Şeýle bolansoň, onuň dürdäne şygyrlary dünýä ýüzüniň okyjylaryny hem hemişe gyzyklandyryp gelýär. Beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde «Magtymguly» atly täze kitabyň çap edilmegi şahyryň şygyrlarynyň muşdaklary üçin ajaýyp sowgat boldy.

Zöhre HÖWEZOWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň esasy hünärmeni-önümçilik hünär okuwynyň ussasy.