Ajaýyp owaz

3 Sentýabr 2024
171

Bu waka irräk, geçen asyrda bolupdy. Biziň obamyzyň gaýrasynda giň ýaýylyp ýatan sonarlyk bardy. Oba adamlary ol ýere «çalpow» hem diýerdiler. Obanyň 10-12 ýaşly oglanlary bolup okuwdan boş wagtlarymyz şol meýdanda ownuk mallarymyzy bakardyk, göreş tutardyk.

Biziň 4-5 jaý günbatarymyzda Durdymyrat diýen ýaşuly goňşymyz bardy. Ol örän daýaw, syratly adamdy. Ak eşegini münüp, mallaryny örä çykaranda, aýagy ýerden sähelçe ýokarda sallanar durardy. Durdymyrat aga hem çaklaňja dowar sürüsini çalpowyň töwereginde bakardy. Ol degişgen ýaşuludy, gargy, dilli tüýdük çalmaga juda ezberdi. Biz bilen hem öz deň-duşumyz ýaly degşerdi. Ol döwürlerde obamyzyň ortasyndaky çaklaňja jaýda çeper höwesjeňler gurnagy hereket ederdi. Durdymyrat aga hem şol gurnaga gatnaşyp, gargy, dilli tüýdük çalardy. Obamyzyň çeper höwesjeňlerini aram-aram teleýaýlymda hem görkezerdiler. Şu wagt hem arhiwden alyp, dilli tüýdük çalýan Durdymyrat agany görkezenlerinde şol bigam oglanlyk döwrüm ýadyma düşýär.

Kakamyrat MYRADOW,
Gökdepe etrabynyň Annak Sähetmyradow adyndaky iňlis dili dersini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň mugallymy.