Güýzüň görki sary ýaprak

3 Sentýabr 2024
50

«Güýzüň görki sary ýaprak». Mamam şu setiri hemişe gaýtalamagy gowy görýär. Her gezek güýz gelse, ýaşy segsene ser uran hem bolsa, onuň kaddy ekezlenen ýaly bolýar. Mamam güýz paslyny juda gowy görýär. Ol güýzüň aşygy. Men çagalykdan mamamyň ýanynda ösüp-ulalamsoň , onuň bilen güýzde durnalaryň toýnuk gurap gidişini synlamagy endik edinipdirin. Sary ýapraklaryň çybşyldap ýere gaýyp düşüşini görüp, men häzir hem mamamy ýatlaýaryn. Ol häzir obada sary ýapraklary mähribanlyk bilen synlaýandyr, durnalara-da maýyl bolup bakýandyr. Men hem paýtagtymyzyň iň gözel seýilgähleriniň birinde güýzüň görkli günlerini çäksiz şatlyk bilen garşy alýaryn. Gezim etmegi ýürekden halaýaryn. Asmana seretdim, bir ýerlerden gara bulutlar top-top bolup geldiler-de, güýzüň görküniň göwheri bolan damjalary paýradyp goýberdiler. Ýagşyň damjalary ýaňagyma degende, birneme tisgindim-de ýatlamalar bilen bagly pikirlerimden aýňaldym. Mamama jaň etdim, hal-ýagdaýy bilen gyzyklandym. «Mama, güýz ýagşy ýagýar» diýsem, ol: «Bärde-de ýagýar» diýip şadyýan sözledi. Biz onuň bilen kän gürrüňleriň başyny agyrtdyk. Mamam ýapraklar hakynda söz açyp, Gurbannazar şahyryň: «Söýýän güýz paslyny, sarylygyny» diýen setirlerini zybanyna getirdi. Kalbymda «Gurbannazar ýazda dogulsa-da, güýzüň şahyry» diýip, gazet sahypalarynyň birinden okan pikirim peýda boldy. Men mamama Gurbannazar şahyryň:

Syr alyp syr berişýän
Söwer dostuma meňzäp,
Kakdyň ýene gapymy,
Meniň paýhasly güýzüm

Gülşat ORAZMYRADOWA,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň jogapkär kätibi.