Toý-dabaraň dünýä ýaňdyr, Diýarym!

29 Awgust 2024
138

Ýüregimiň ýagyna, ýaşymyň ýazyna, bagtymyň bagyna deňeýän Diýarym dünýämdir, didämdir, ykbalymdyr, ylhamymdyr, ygrarymdyr. Bu Diýaryň her bir güni, her säheri, ulus-il bolup toýlanylýan baýramlary kalbymyň ganatydyr. Her ýyl altyn güýzüň ilkinji gününde toýlanylýan Bilimler we talyp ýaşlar gününiň joşguny, täsiri has-da üýtgeşik. Sebäbi bu baýram bizi mekdep ýyllarymyza, talyplyk döwrümize dolaýar. Şonuň üçinem bu baýramy ählimize-de degişli saýýaryn.

Toý-baýram bar ýerinde asudalyk, abadanlyk bar. Ony biziň gülşenli günlerimiz aýdyň aýdýar. Toýuň bar ýerinde juwanlyk bar, gowulyk bar, gülzarlyk bar. Muňa biziň bagtyýar zamanamyzyň görkana günleri şaýat. Ol günleriň her pursaty göz guwanjymyz bolan ýaş nesliň ýüregine müdimilik ýazylýar. Sebäbi bu Diýarda olara bolan ynam, söýgi uly. Sebäbi olaryň öňünde ertir bar, ajaýyp zaman bar, ýagty geljek bar.

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.