"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Oba hojalygy

ÖNDÜRIJILIKLI ZÄHMET Akdepe etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň zähmetsöýer hünärmenleri şu ýylyň gowaça ekişine taýýarlyk döwründe öndürijilikli zähmet çekýärler. Bu kärhana degişli 109 sany tehnika bolup, olardan 68-si sürüm, 41-si bejergi traktorlarydyr. Ekijileriň 52-si, çizelleriň 18-si, pluglaryň 68-si möwsüme doly taýýar edildi. Häzirki wagtda 25 sany ýokary öndürijilikli tehnikalar daýhan birleşiklerinde tekizlemede işledilýär. Zyýankeşlere garşy ulanylýan himiki serişdeleri sepýän pürküjileriň 15-si, kultiwatorlaryň 28-i doly taýýarlanyldy, ekiş möwsüminde ulanyljak borona-malalar abatlanyldy.

«Gyzylgumuň» ýaşyl maýsalary

Diňe Hojambazda däl, welaýatymyzyň ähli etraplarynda şeýle: ilatly ýerleriň jümmüşinden geçýän awtomobil ýollaryň tas ählisiniň diýen ýaly goşa «kenaryny» ekin meýdanlary bezeýär. Olaryň arasynda bugdaýly meýdanlar, gowaçaly atyzlar, gökdür bakja ekinleri ekilen ýerler hem bar. Soň tä barjak ýeriňe barýançaň, tebigatyň gözelliginden, zähmetiň joşgunyndan göwnüň ganatlanar gider. Türkmenabatdan Hojambaz etrabynyň merkezine uzaýan awtomobil ýoluň ugrunda, etrabyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň çäklerinde hem gözleriň manzara düşýär. Ýaşyl maýsaly meýdanlar obanyň bir çetinden başlap, derýa ýakasyna, çölüň jümmüşine çenli uzaýar. Tüweleme, olaryň boý alşy hem hiç neneň däl. Jeýhunyň mele suwundan ganyp, döküni kemsiz ýetirilen maýsalar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynyň berekedini buşlaýar.

Esasy pudagyň mümkinçilikleri

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda azyk senagaty pudagynda önümleriň goýberilişini ep-esli artdyrmak göz öňünde tutulyp, onda oba hojalyk toplumy möhüm orny eýeleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe azyk senagatyny we oba hojalyk toplumynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem döwlet goldawynyň netijeli gurallaryny ornaşdyrmak, şu ugurda işleýän kärendeçileri, daýhan hojalyklaryny, döwlet we hususy kärhanalary maliýe taýdan höweslendirmek üçin uly maýa goýumlary gönükdirilendir. Oba hojalyk pudagyny ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagyna öwürmek, bu pudagyň işlerinde ylmyň täze gazananlaryny peýdalanmak we ökde hünärmenleri taýýarlamak ugrunda döwletimiz tarapyndan giň goldaw berilýär. Oba hojalyk işgärleri ýokary hilli tohumlar, dökünleriň dürli görnüşleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary, suw we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 3-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirip, öňde durýan wezipeleri kesgitledi. Häzirki döwürde oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň esasy wezipeleriniň hatarynda obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, obalaryň durnukly ösüşini, ilaty iş bilen üpjün etmek, obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, hojalygyny dolandyrýan dürli tarapla

Meýdan işleri gyzyşýar

Pagtaçylyk agrosenagat toplumynyň möhüm we düşewüntli pudagydyr. Şeýle bolansoň, ýurdumyzda pagtaçylygyň ösüşine aýratyn üns gönükdirilýär. Gowaçanyň ýerli toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän görnüşleriniň ýetişdirilmegi, pagtaçylygyň ylmy esasda alnyp barylmagy, şeýle-de onuň ekilýän meýdanlarynyň giňeldilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Gökdepe etrabynyň oba zähmetkeşleri hem ýylyň-ýylyna gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirýärler. Geçen oba hojalyk ýylynda gazanylan ýokary zähmet üstünliginden ruhlanan etrabymyzyň pagtaçy kärendeçileri şu günler geljekki bol hasylyň aladasy bilen tutanýerli işleýärler. Olar gowaça ekiljek ýerleri ýaz ekişine talabalaýyk taýýarlamakda ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar.

Ösüşde okgunly ädimler ädilýär

Bu gün ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň daýhanlary hem ýere hyzmat etmäge, ondan has ýokary hasyl almaga ruhlandyrýan özgertmeleri üçin ýurt Baştutanymyza tüýs ýüreklerinden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurap, ýerden bol hasyl almagyň, düýpli özgertmeleri geçirmegiň hem-de dolandyryş usullaryny kämilleşdirmegiň amatly ýollaryny salgy beren teklipleri we şolaryň esasynda Halk Maslahatynyň çykaran Kararlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilip ugramagy daýhanlaryň durmuşyny bütinleýin özgertdi. Toprakdan önüm öndürýän daýhanlaryň ruhlary belende göterilip, zähmet gadamlary has batlandy. Olar şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmak üçin has-da gujur-gaýrata galýarlar. Welaýatyň oba hojalyk pudagyndaky oňyn özgerişlikler, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, daşary ýurtlaryň kämil tehnikalarynyň satyn alnyp berilmegi ýokary netijeleri gazanmak üçin oňaýly şertleri döredýär. Has dogrusy, daýhanlaryň zähmet çekmäge, ýokary netijeleri gazanmaga bolan isleglerini artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýyldan başlap, azyklyk bugdaýyň we pagtanyň, piläniň döwlet satyn alnyş nyrhlaryna täzeden seredilmegi, ýok

Öňde möhüm möwsüm

Gyş pasly öz ornuny mylaýym ýaz paslyna berip, ýere ýyly girenden soňra ýurdumyzyň daýhanlarynyň ýaz aladalary başlanýar. Olaryň hatarynda ýazky gowaça ekiş möwsümine aýratyn orun degişlidir. Gymmaty altyna deňelýän pagta hasylynyň düýbüni tutmak işlerine ýurdumyz boýunça döwlet derejesinde örän jogapkärli çemeleşilýär. Çünki pagta hasyly Berkarar döwletimiziň aýratyn baýlyklarynyň biridir. Muňa Ahal welaýatynyň oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli bolan etrap tehnikalara hyzmat ediş kärhanalarynyň abatlaýjylary-da oňat düşünmek bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýazky ekiş möwsümine gurat tehnikalar bilen doly taýýarlykly barmak ugrunda özleriniň yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Şeýle kärhanalaryň biri hem Ak bugdaý etrabynyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasydyr.

Tagamy datly türkmen ýeralmasy

Ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda ýeralma ekip ýetişdirýän telekeçileriň we kärendeçileriň sany indi ýylsaýyn artýar hem-de türkmen ekerançylary geçen ýyl ýurt boýunça müňlerçe gektar meýdana ýeralma ekip, ondan bol hasyl almagy başardylar. Geçen asyryň kyrkynjy ýyllaryndan soň, türkmen Diýaryndaky mes toprakly ýerlerde badat, ýeralma ekmek has rowaçlanyp başlaýar. Eýýäm ellinji ýyllaryň ikinji ýarymynda Aşgabat şäheriniň günbatarynda ýerleşen Köşi, Ýalkym, Gökje, Bagyr, Gurtly… ýaly obalaryň ekin meýdanlarynda türkmen daýhanlary ir we giç ýetişýän ýeralmalary ekip, olardan örän ýokary hasyly ýygnamagy başarypdyrlar. Netijede, ol obalarda ýeralma ýetişdirmek boýunça ussat ekerançylar nesli kemala gelipdi.

Köşekler geçen ýylkydan köp bolar

Hormatly Prezidentimiziň düýedarçylygy ösdürmek baradaky tabşyryklaryndan ugur almak bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemegi öz öňlerinde baş wezipe edip goýýan Sakarçäge etrabynyň «Sakarçäge» maldarçylyk hojalygynyň agzybir sarwanlary hem gyş paslynyň şu günlerinde gaýratly zähmet çekýärler. Çünki bu ýerde bar bolan çopan toparlarynyň ählisi hem öz işlerine tüýs ýürekden berlen, düýedarçylykdan oňat baş çykarýan, ýylyň islendik paslynda-da düýeleri horlaman orta we ýokary semizlikde saklap bilýän galjaň maldarlardan ybarat. Hut şonuň üçin hem olar düýelerden önüm almakda ýylyň-ýylyna gowy netije gazanyp, işleriň ilerlemegine mynasyp goşant goşup gelýärler. Hojalygyň sarwanlary geçen ýylda-da bu babatda gowy görkezijiler gazandylar. Has takygy, geçen ýyl bu ýerde bakylýan düýelerden 661 köşek alyndy.

Anyklaýjy dronlar

XXI asyryň esasy tehnologiýa täzelikleriniň biri bolan dron kameralarynyň mümkinçilikleri barha artýar. Ýakynda Ysraýylyň we Braziliýanyň alymlary oba hojalyk maksatly dronlaryň täze görnüşini işläp taýýarladylar. Has takygy, täze kamera sitrus miweleriniň ösüşi we onuň ösüşini bökdeýän ýagdaýlar barada maglumatlary toplap, eýesine habar berýär. Bu kameralary Ysraýylyň «Agrowing» we Braziliýanyň «VetorGEO» kompaniýalarynyň hünärmenleri işläp düzdüler.

Kömelek ekini gorar

Bugdaýa degýän käbir keselleri kömelek sporalary bilen hem bejerip boljak ekeni. Bu teklibi Daniýanyň Kopengagen uniwersitetiniň alymlary öňe sürýärler. Olar bugdaýyň aphid infestasiýalaryna garşy göreşijiligini ýokarlandyrmak üçin kömelegiň üç görnüşiniň täsirini öwrendiler. Uniwersitetiň alymlary tarapyndan alnyp barlan taslamanyň wekilleriniň biri bolan Nikolaý Witt Meýling: «Synaglarda käbir himiki serişdelerden hem peýdalanyp, kömelekleriň ösümlikleri goramak ukybynyň bardygyny ýüze çykardyk. Olaryň ösümlige täsirini hem synag edip gördük. Netije gowy» diýýär.

BAE-de dik ekinzarlyk taslamasy

Ekerançylyk meýdanlarynyň birnäçe gektar giňlige däl-de, birnäçe metr beýiklige uzajakdygyny göz öňüne getireliň!. Ýagny ekin häzirkisine görä, wertikal görnüşde — dikligine ýetişdiriler. Eýýäm bu babatynda käbir tutumlaryň hem başy başlandy. Ysraýylyň «Vertical Field» kompaniýasy «Emirates Smart Solutions and Technologies» kompaniýasy bilen Birleşen Arap Emirliklerinde dikligine ekin ýetişdirmegiň tutuş bir ulgamyny döretmek boýunça ylalaşyga geldi.

Özgertmeleriň depginini güýçlendirmek möhümdir

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi 3-nji fewralda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Oba hojalygyny ösdürmegiň ýokary depgini saklanmalydyr

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewe söz berdi. Ministr pudagy ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bir etrapdan iki habar

ÖŇDEBARYJY KÄRENDEÇINIŇ BUÝSANJY Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň kärendeçi daýhanlary özleriniň yhlasly zähmetleri bilen oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerinden bol hasyl almakda her ýyl guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Şeýle kärendeçileriň hatarynda N.Gylyjow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Oguljemal Babaýewany hem görkezmek bolar.

Tehnikalar ekişe taýýar

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda üstümizdäki ýylyň pagta hasyly baradaky Karara gol çekmegi bilen, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda işleriň depgini has-da güýçlendirildi. Welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Döwletli etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda hem ekiji tehnikalaryňdyr enjamlaryň abatlygy doly gözden geçirildi. Etrapdaky merkezi ussahanada we Dostlukdaky, Daşrabatdaky bölümlerde tehnikalardyr enjamlar täze möwsüme doly taýýar edildi. Şu ýyl gowaça ekişinde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasyna degişli tehnikalaryň onlarçasy işlediler. Olaryň ählisi milli Liderimiziň tagallasy bilen soňky ýyllarda satyn alnan tehnikalardyr.

Öňde jogapkärli möwsüm

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýaz ekişine ählitaraplaýyn taýýarlykly barmagyň möhümdigi barada aýdanlaryndan we beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Ak bugdaý etrabynda möwsüme taýýarlyk işlerine has-da giň gerim berildi. Etrapda gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleriniň hiline we onuň agrotehniki möhletlerde geçirilmegine aýratyn üns gönükdirilýär. Bu işde ýokary iş öndürijiligi bolan traktorlaryň 56-synyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Şonuň bilen bir hatarda tekizleýiş işleri hem barha gyzyşýar. Gowaça ekişinde tehnikalara we gurallara uly orun degişli bolup durýar. Muňa oňat düşünýän etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň bejeriji ussalarydyr hünärmenleri tehnikalardyr gurallaryň abatlygyna aýratyn ähmiýet berýärler. Olar häzirki günlerde tehnikalary we gurallary doly gözden geçirýärler, zerurlyk bolan ýagdaýynda abatlaýyş işlerini ýerine ýetirýärler. Munuň üçin kärhanada ähli şertler üpjün edilendir.

Meýdan işleriniň depgini artýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzyň häzirki günlerinde durmuşyň dürli ugurlarynda üstünlikli işler alnyp barylýar. Senagat, gurluşyk, medeniýet, bilim we beýleki ulgamlarda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly döwrümiziň ösüşdir özgertmelere beslenen ajaýyp günlerimizde türkmen daýhanlarynyň azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatdaky alyp barýan işleri hem öwgä mynasypdyr. Şu günler gallaçylar ýaşajyk maýsalaryň idegini birkemsiz ýetirýärler, pagtaçylar ýaz ekişine ykjam taýýarlyk görýärler, gök ekerançylar bolsa, saçagymyza bereket goşjak ter gök önümleriň ýetişdirmegiň aladasy bilen gümradyr. Kaka etrabynyň oba zähmetkeşleri hem häzirki meýdan işleriniň her birine jogapkärli çemeleşýärler. Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, etrabyň pagtaçy kärendeçileri sürüm geçirilmegi meýilleşdirilen 23 müň 400 gektar meýdanda bu işi tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar, gallaçylar bolsa, däne ekilen 41 müň gektar meýdandaky maýsalara agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edýärler.

Geljekki bol hasyly ýetişdirmegiň ýollary

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini öndürmäge uly üns berilýär. Oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň ýokarlanmagy, oba ilatynyň topraga bolan yhlasynyň artmagy, ýylyň ähli paslynda bazarlarymyzda azyk önümleriniň bol we elýeterli bolmagy bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň iş ýüzünde amala aşýandygyny subut edýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň medeniýetini gowulandyrmak, ekin dolanyşygyny ylmy esasda ýola goýmak, gowaça ekininden ýokary hilli bol hasyl almak üçin geçirilýän agrotehniki çäreleriň has kämil usullaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Gowaçany ösdürip ýetişdirmekde geçirilýän agrotehniki çäreleriň içinde tekizleýiş işleri wajyp bolup durýar. Ekin meýdanlarynyň gowy tekizlenmegi gowaçadan ýokary hasyl almagyň möhüm şertleriniň biridir. Gowaça ekiljek ýerleri oňat tekizlenende ýuwuş, tagt we ösüş suwlarynyň talabalaýyk tutulmagyny, topragyň gowy bejerilmegini, gowaçadan endigan gögeriş alynmagyny üpjün edýär. Sebäbi, meýdanyň beýikli-pesli bolmagy belli bir ýerlerde duzlaryň toplanmagyna şert döredýär. Pes ýerleri suw basmagy bilen gögeriş ýaramaz bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 3-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Şoňa görä-de, biziň bu ugurda gazanýan üstünliklerimiz, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek köp derejede bu pudagyň netijeli ösdürilmegine baglydyr.

Pomidoryň bereketli hasyly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilatymyzy öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilen gök önümler bilen ýylyň ähli döwründe üpjün etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, dürli gök önümler ösdürip ýetişdirmeklige ýöriteleşdirilen ýyladyşhana toplumlary yzygider gurlup, ulanylmaga berilýär. Ter gök önümleriň köp öndürilmeginde welaýat «Azyk» önümçilik birleşiginiň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynyň uly goşandynyň bardygyny bellemek gerek. Bu ýyladyşhanada iki ýyldan bäri pomidoryň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň umumy tutýan meýdany 10 gektar bolup, onda 4 bölüm hereket edýär. Ýyladyşhanada işler awtomatik usulda ýerine ýetirilýär. Ekinleri suwarmak, iýmitlendirmek, çyglylygy, howany kadaly ýagdaýda saklamak kompýuterler arkaly dolandyrylýar. Bu ýerde ýaşlaryň 100-den gowragy zähmet çekip, özlerine berkidilen işleri ýokary hilli berjaý edýärler. Munuň özi bol pomidor hasylyny ösdürip ýetişdirmäge uly mümkinçilik berýär. Göreldeli işgärlerden Mekan Atamedow, Myrat Hanjykow, Baýram Aşyrow, Sapa Durdyýew dagyny görkezmek bolar.