Anyklaýjy dronlar

7 Fewral 2021
896

XXI asyryň esasy tehnologiýa täzelikleriniň biri bolan dron kameralarynyň mümkinçilikleri barha artýar. Ýakynda Ysraýylyň we Braziliýanyň alymlary oba hojalyk maksatly dronlaryň täze görnüşini işläp taýýarladylar.

Has takygy, täze kamera sitrus miweleriniň ösüşi we onuň ösüşini bökdeýän ýagdaýlar barada maglumatlary toplap, eýesine habar berýär. Bu kameralary Ysraýylyň «Agrowing» we Braziliýanyň «VetorGEO» kompaniýalarynyň hünärmenleri işläp düzdüler.

Akmaýa AGAJANOWA,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.