Esasy pudagyň mümkinçilikleri

7 Fewral 2021
1234

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda azyk senagaty pudagynda önümleriň goýberilişini ep-esli artdyrmak göz öňünde tutulyp, onda oba hojalyk toplumy möhüm orny eýeleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe azyk senagatyny we oba hojalyk toplumynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem döwlet goldawynyň netijeli gurallaryny ornaşdyrmak, şu ugurda işleýän kärendeçileri, daýhan hojalyklaryny, döwlet we hususy kärhanalary maliýe taýdan höweslendirmek üçin uly maýa goýumlary gönükdirilendir. Oba hojalyk pudagyny ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagyna öwürmek, bu pudagyň işlerinde ylmyň täze gazananlaryny peýdalanmak we ökde hünärmenleri taýýarlamak ugrunda döwletimiz tarapyndan giň goldaw berilýär. Oba hojalyk işgärleri ýokary hilli tohumlar, dökünleriň dürli görnüşleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary, suw we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 3-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirip, öňde durýan wezipeleri kesgitledi. Häzirki döwürde oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň esasy wezipeleriniň hatarynda obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, obalaryň durnukly ösüşini, ilaty iş bilen üpjün etmek, obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, hojalygyny dolandyrýan dürli taraplar üçin bäsleşikli gurşawy, amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek işleri durýar. Dürli oba hojalyk önümleriniň öndüriliş möçberini artdyrmak, ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmek halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, ýurduň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ugurlaryň biridir.

Elmira NOKEROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.