Kömelek ekini gorar

7 Fewral 2021
996

Bugdaýa degýän käbir keselleri kömelek sporalary bilen hem bejerip boljak ekeni. Bu teklibi Daniýanyň Kopengagen uniwersitetiniň alymlary öňe sürýärler. Olar bugdaýyň aphid infestasiýalaryna garşy göreşijiligini ýokarlandyrmak üçin kömelegiň üç görnüşiniň täsirini öwrendiler.

Uniwersitetiň alymlary tarapyndan alnyp barlan taslamanyň wekilleriniň biri bolan Nikolaý Witt Meýling: «Synaglarda käbir himiki serişdelerden hem peýdalanyp, kömelekleriň ösümlikleri goramak ukybynyň bardygyny ýüze çykardyk. Olaryň ösümlige täsirini hem synag edip gördük. Netije gowy» diýýär.

Gurbanjemal PAŞYKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.