Ösüşde okgunly ädimler ädilýär

7 Fewral 2021
891

Bu gün ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň daýhanlary hem ýere hyzmat etmäge, ondan has ýokary hasyl almaga ruhlandyrýan özgertmeleri üçin ýurt Baştutanymyza tüýs ýüreklerinden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurap, ýerden bol hasyl almagyň, düýpli özgertmeleri geçirmegiň hem-de dolandyryş usullaryny kämilleşdirmegiň amatly ýollaryny salgy beren teklipleri we şolaryň esasynda Halk Maslahatynyň çykaran Kararlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilip ugramagy daýhanlaryň durmuşyny bütinleýin özgertdi. Toprakdan önüm öndürýän daýhanlaryň ruhlary belende göterilip, zähmet gadamlary has batlandy. Olar şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmak üçin has-da gujur-gaýrata galýarlar.

Welaýatyň oba hojalyk pudagyndaky oňyn özgerişlikler, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, daşary ýurtlaryň kämil tehnikalarynyň satyn alnyp berilmegi ýokary netijeleri gazanmak üçin oňaýly şertleri döredýär. Has dogrusy, daýhanlaryň zähmet çekmäge, ýokary netijeleri gazanmaga bolan isleglerini artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýyldan başlap, azyklyk bugdaýyň we pagtanyň, piläniň döwlet satyn alnyş nyrhlaryna täzeden seredilmegi, ýokary hilli tohum öndürmek üçin goşmaça tölegleriň bellenilmegi baradaky we beýleki köpsanly çözgütler oba zähmetkeşlerimizi örän begendirdi. Önümleriň satyn alnyş nyrhlarynyň ýokarlanmagyna laýyklykda, oba zähmetkeşleriniň girdejileri hem artdy.

Şakir TURAÝEW,
öz habarçymyz.