Oba hojalygy

8 Fewral 2021
775

ÖNDÜRIJILIKLI ZÄHMET

Akdepe etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň zähmetsöýer hünärmenleri şu ýylyň gowaça ekişine taýýarlyk döwründe öndürijilikli zähmet çekýärler. Bu kärhana degişli 109 sany tehnika bolup, olardan 68-si sürüm, 41-si bejergi traktorlarydyr. Ekijileriň 52-si, çizelleriň 18-si, pluglaryň 68-si möwsüme doly taýýar edildi. Häzirki wagtda 25 sany ýokary öndürijilikli tehnikalar daýhan birleşiklerinde tekizlemede işledilýär. Zyýankeşlere garşy ulanylýan himiki serişdeleri sepýän pürküjileriň 15-si, kultiwatorlaryň 28-i doly taýýarlanyldy, ekiş möwsüminde ulanyljak borona-malalar abatlanyldy.